Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halk maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm wakasyna öwrüldi.
Ýakynda, 2023-nji ýylyň 20-nji aprelinde geçirilen Halk Maslahatyň mejlisinden gelip çykýan wezipeleri ýaşlar köpçüligine giňişleýin ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň, şäher Halk maslahaty bilen bilelikde gurnamagynda Mary şäher häkimliginiň mejlisler zalynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyk, “Ýaşlar geljegimiziň berk binýady” diýip atlandyryldy we bu duşuşyga şäher Halk maslahatynyň agzalary, talyplar hem-de edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar.
Täsirli geçen wagyz-nesihat duşuşygynda, TMÝG-niň Mary şäher Geňeşiniň başlygy, şäher Halk maslahatynyň başlygy Resul Baýramow, TDEI-niň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň Deputaty Merdan Orazmeredow, TAP-nyň Mary şäher komitetiniň başlygy Mary şäher Halk maslahatynyň agzasy Maýsa Agahanowa, Mary şäheriniň ýaşaýjysy, il sylagly ýaşuly Abdy Täjow, Mary şäher Zenanlar guramasynyň agzasy, kümüş saçly ene Altyn Mämmedowa hem-de Mary şäheriniň 18-nji çagalar bagynyň müdiri, şäher Halk maslahatynyň agzasy Hatyja Myradowa dagylar çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ugurlarynda beýik ösüşler, taryhy özgertmeler amala aşyrylýandygy, Watanymyzyň halkara abraýy, şan-şöhraty arşa galýandygy dogrusynda çykyş etdiler.
Çykyşlarynyň dowamynda, Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde şu 20-nji aprelinde geçirilen Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisiniň taryhy ähmiýeti dogrusynda giňişleýin çykyş etdiler. Duşuşygyň ahyrynda, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we parahatsöýüjilikli daşary syýasatlaryny doly derejede goldap, Watanymyza mynasyp ýaş nesli kemala getirmek-de, olaryň watansöýüji nesiller bolup ýetişmeklerinde yhlasly zähmet çekjekdikleri dogrusynda buýsanç bilen bellediler.
Goý, ýaşlar syýasatyny özüniň ynsanperwer içeri hem daşary syýasatynda esasy ýörelgä öwren Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Annagözel SARYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Mary şäher Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň müdiri.