Bahar paslynyň gelmegi bilen tebigat ajaýyp görnüşe gelýär. Gül-gunçaly meýdanlar, özüniň bezenen lybasyny egnine geýen agaçlar, göýä diýersiň, haly ýazylan ýaly baýyrlar tebigatyň görküne görk goşýar. Watana bolan söýgi, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň amala aşyrýan beýik işlerine buýsanç, tebigatyň gözelligine kalbyň joşmagy- bularyň bary birigip, ylham goruňy has-da baýlaşdyrýar. Diňe bir uly adamlar däl, eýsem, kiçijik çagalar-da, döredijiligiň gapysyndan ýaňy içeri garaýan körpeler-de, öz buýsanjyny şygyrlara, aýdym-sazlara siňdirýärler. Olaryň bu döredijilik ukyplaryny görkezmekleri, has-da kämilleşmekleri üçin ýurdumyzda dürli bäsleşikler guraýarlar.
Ýakynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşi, etrap bilim bölümi, Ýolöten etrap “Älemgoşar çagalar we ýetginjekler döredijilik” öýi bilen bilelikde gurnamagynda, bu gurnaga gatnaýan okuwçy gyzjagazlaryň arasynda “Çeper elli nowçalar” ady bilen döredijilik bäsleşigi geçirildi. Çekeleşikli geçen bäsleşige jemi 11 okuwçy gyzjagazlar gatnaşyp, olar öz aralarynda 3 şert boýunça bäsleşdiler.
Bäsleşigiň 1-nji şertine laýyklykda, zehinli, naşyja, eýjejik gyzjagazlar eziz Watanymyzy, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, sporty wasp edýän aýdym-sazly çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Bagtly çagalygyň we bagtyýarlygyň ýurdy bolan Türkmenistany wasp edýän gyzjagazlaryň ýerine ýetiren aýdymlarynda eziz Diýarymyzyň ösüşleri, özgerişleri, ýeten sepgitleri öz mynasyp beýanyny tapdy. 2-nji şertde bolsa, milli egin-eşikleri geýnen, şaý-seplerimizi dakynan gyzjagazlarymyz bu milliliklerimizi şahyrana dilde wasp etdiler. At-owazasy äleme ýaýran milli şaý-seplerimiz bolan gupba, gülýaka, kökenýüzük, bilezik, şeýle-de türkmen tahýasydyr ketenisi ajaýyp goşgy setirleriniň, şahyrana jümleleriň üsti bilen wasp edildi. Bäsleşigiň soňky şertinde bolsa, gyzjagazlarymyzyň ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda, öz aralarynda milli el işlerimizi ýerine ýetirdiler. Haly dokaýan, keşde nagyşlaryny ýerine ýetirýän, alaja işýän, örüm örýän naşyja gyzjagazlarymyzy synlanyňda, olaryň el işlerinde hem örän başarjaňdygyny göreniňde diýseň buýsanýarsyň. Çünki gyzjagazlaryň aýdym-saz sungaty bilen bilelikde el işlerinde hem baş alyp çykarmaklary buýsanmaga mynasyp. Ene-mamalarymyzdan miras galan bu öz boluşly sungatyň üstünden asyrlar aşsa-da ýitirilmän, gaýta has döwrebaplaşdyrylyp, şu günlerimize gelmegi, her bir gyzjagazyň el işlerinden habarly bolmagyndan nyşandyr.
Bäsleşigiň ahyrynda, emin agzalar ýeňijileri saýlap olara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Uzukjemal ÖMÜROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Ýolöten etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.