“GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET BAÝDAGY WE ESASY KANUNY BAGTYÝAR HALKYMYZYŇ BUÝSANJYDYR”

Türkmen halkynyň çyn söýgüsini we milli buýsanjyny alamatlandyrýan beýik mukaddesliklerimiz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we türkmen Tugunyň belent waspy dünýä ýaň salýar. Sebäbi, her bir döwletiň dünýä giňişligindäki ornuny, ilki bilen özüniň hukuk binýady kesgitleýär, döwlet Tugy sarpalaýar. Ata Watan, ene toprak ýaly mukaddeslikleri alamatlandyrýan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň baýramy-her ýylda mynasyp garşylanýar.

Hawa, ýaşyl meýdanlarymyzy, asuda gül-gülälekli eziz Diýarymyzy-mukaddes Baýdagymyzy wasp etse, döwletiň hukuk binýadyny emele getirýän, döwletiň we raýatlaryň esasy hukuklarynyň, borçlarynyň resmi beýany döwletiň Konstitusiýasynda jemlenendir. Netijede, eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygyny alamatlandyrýan, Bitaraplygyny kepillendirýän bu iki baýram milli guwanjymyzdyr.

Şugün, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebiniň hem-de Mary welaýat kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda dabaraly maslahat duşuşygy geçirildi. Täsirli geçen maslahat duşuşygy  “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Döwlet baýdagy we esasy Kanuny  bagtyýar halkymyzyň buýsanjydyr” diýip atlandyryldy.Duşuşyga, TMÝG-niň Mary welaýat, şäher, etrap Geňeşleriniň başlyklary, işgärleri, Ilkinji Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary, ýokary hem-de orta okuw mekdepleriň talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Maslahat duşuşygyny, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Maksat Janmyradow alyp bardy. Ol öz çykyşynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň möhüm ugurlarynyň ösüşiniň kanunçylyk taýdan üpjün edilmegi boýunça hukuk özgertmelerini amala aşyrmak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip, maslahata çagyrylan myhmanlar bilen tanyşdyrdy. Ol öz söz nobatyny yzygiderlilikde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Merdan Orazmeredow, Mary welaýat halk maslahatynyň agzasy Yklymmyrat Tuwakmyradow, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Döwlet notarial edarasynyň uly döwlet notariusy, II derejeli ýurist Döwran Bakyýew, Mary welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy, TMÝG-niň işjeň agzasy Aýna Arazmedowa, “Maru-Şahu Jahan” gazetiniň uly habarçysy, welaýat zenanlar bölüminiň geňeş agzasy Bahargül Mejidowa hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby Gülhatyja Daňatarowa dagylara berdi.

Çagyrylan myhmanlar, ýetip gelýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen gutlap, bu baýramçylygyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Esasy Kanunyndan ugur alyp, ýaşyl Tuguny belentde parladýan döwletimiziň berkararlygynyň baýramydygy, şeýle hem her bir döwletiň hukuk esasy bolmak bilen, döwletiň hukuk binýadyny emele getirýän, raýatlaryň esasy hukuklarynyň we borçlarynyň resmi beýanynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasydygy barada buýsanç bilen çykyş etdiler. Sözleriniň ahyrynda, Esasy Kanunymyzy, Döwlet baýdagymyzy, Watanymyzy hem halkymyzy özüniň ynsanperwer içeri hem daşary syýasatynda esasy ýörelgä öwren Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny, eziz Watanymyzy gülledip ösdürmek babatda alyp barýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Atageldi GURBANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat

Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.

Meňzeş habarlar

26 Iýun 2025 | 259 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK

26 Iýun 2025 | 947 okalan

SPORT — SAGLYGYŇ GIREWIDIR

24 Iýun 2025 | 509 okalan

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI