“PYRAGYŇ ARZUWLAN ZAMANY GELDI”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar halkymyz akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan ajaýyp zamanasynda erkana, asuda hem-de eşretli zamanada ýaşaýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda türkmeniň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasy, dünýewi garaýyşlary hem-de şygyrlaryndaky pelsepe älemi giňden öwrenilýär.

Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýokary derejede guramaçylykly bellenilip geçiler. Häzirki wagtda hem, ýurdumyzda 2024-nji ýylda geçiriljek türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň şanly senesi mynasybetli birnäçe çäreler yzygiderlilikde geçirilýär.

Ýakynda, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyz bilen bir hatarda Sakarçäge etrabynyň Şatlyk şäherindäki takyk we tebigy ugurlardan ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylary bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň gurnamagynda “Pyragyň arzuwlan zamany geldi” ady bilen şygryýet duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Sähra Ummalyýewa, Sakarçäge etrabynyň 27-nji orta mekdebiniň mugallymy Gunça Amansähedowa, etrabyň 23-nji orta mekdebiniň mugallymy Baýrammyrat Annaýew, Şatlyk şäherindäki takyk we tebigy ugurlardan ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebiniň mugallymlary Gülşat Çaryýewa hem-de Tawus Nurberdiýewa dagylar çykyş etdiler. Olar özleriniň çykyşlarynda, Magtymgulynyň Pyragynyň ady, onuň şahyrana owazy öz döwründe we şondan soňdaky ýyllarda, hususan-da, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, daglardan eşidilýän ýaň ýaly bolup, häli-şindi ýaňlanyp, älem-jahana ýaýrandygy dogrusynda belläp geçdiler.

Çykyşlarynyň dowamynda, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny mynasyp garşylamak maksady bilen ýörite düzülen meýilnamalar esasynda, umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň, talyplaryň we dürli ulgamlarda zähmet çekýän hem-de döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda dürli medeni çäreleri, edebiýat agşamlaryny, aýdym-sazly döredijilik duşuşyklaryny yzygiderlilikde gurnap, geljekde hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny mynasyp garşylamak-da yhlasly zähmet çekjekdikleri dogrusynda buýsançly çykyş etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda, döredijilige höwesli birnäçe okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy.

Goý, türkmeniň beýik şahsyýetlerine hormat-sarpa goýýan, olaryň ykbalyny arşa göterýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, Watanymyzyň ösüşli, röwşen ýollary rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!

 

Jennet ŞIRIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Sakarçäge etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Iýun 2025 | 1 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK

26 Iýun 2025 | 1 okalan

SPORT — SAGLYGYŇ GIREWIDIR

24 Iýun 2025 | 505 okalan

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI