“MILLI MIRASYMYZY GORAMAK BABATYNDA ÝAŞLARYŇ ORNY”

Asudalygyň, abadançylygyň mekany bolan ata Watanymyzda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýaş nesilleriň kämil ylym-bilim almagy, sport bilen meşgullanmagy, hünär öwrenmegi, saýlap alan hünärleriniň hakyky eýeleri bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikler, ähli döwrebap şertler yzygiderli döredilýär. Bu bolsa, türkmen ýaşlaryny täze maksatlara, belent üstünliklere ruhlandyrýar.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ýylyň-ýylyna ylmy we taslama işleri boýunça ýa-da dürli döredijilik bäsleşikleriniň, sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilmegi olaryň giň dünýägaraýyşly, berk bedenli, sagdyn ruhly, ylymly-bilimli nesiller bolup ýetişmegi babatda döwlet derejesinde taýsyz tagallalaryň edilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Ýaşlaryň  iň döwrebap tehnologiýalara erk etmekleri, dünýä dillerini bilmekleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şonuň üçin hem olaryň ukyp-başarnyklary sanly ulgamy ösdürmekde hem, işleri döwrebap alyp barmakda hem aýratyn ähmiýetlidir. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde ýaşlar üçin täze iş orunlarynyň döredilmegi, ýaş maşgalalara döwlet tarapyndan uly goldaw-hemaýatlaryň berilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ýaşlary hakyky watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, olaryň ylym-bilime höwesini artdyrmak ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaşlar syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär, ýaş nesilleriň, biz talyp ýaşlaryň bagtly geljegi üçin uly alada edilýär. “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi bolsa, ýurdumyzda ýaşlar barada uly alada  edilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Her bir güni uly ösüşlere, şanly ýeňişlere, toý-baýramlara beslenip, taryha altyn harplar bilen ýazylýan “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň” 28-nji aprelinde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamaklarynda Türkmenistanyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda “Milli mirasymyzy goramak babatynda ýaşlaryň orny” atly göni wideo aragatnaşygy arkaly okuw sapagy geçirildi.

Okuw sapagynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Parahatçylyk dilleri atly ÝUNESKO klubynyň başlygy, Pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň uly mugallymy Ogulsabyr Berdiýewa çykyş edip, hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyzyň  uzak geljegi nazarlaýan täze başlangyçlary esasynda ýurdumyzda medeni mirasymyzy, milli gymmatlyklarymyzy öwrenmeklige, ösdürmeklige, gorap saklamaklyga we dünýä jemgyýetçiligine giňden wagyz etmeklige ähli mümkinçilikleriň döredilýänligi, häzirki döwürde şol gymmatlyklarymyzy öwrenmek bilen birlikde olaryň dünýä medeniýetindäki tutýan ornuny ebedileşdirmekde Bitarap Türkmenistan döwletimiz bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) hyzmatdaşlygyna giň orun berilýändigi, ýurdumyzda medeni mirasymyzyň ajaýyp nusgalarynyň umumadamzat gymmatlygy hökmünde gorap saklamak bilen olaryň birnäçesiniň ÝUNESKO-nyň “Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň abraýly sanawyna” girizilendigi we ýene-de birnäçe taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi barada talyp ýaşlara giňişleýin gürrüň berdi.

Soňra Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Arheologiýa we etnologiýa kafedrasynyň mugallymy, ÝUNESKO kafedrasynyň agzasy Aýna Gurbangulyýewa çykyş edip, ýurdumyzda ýaşlarymyza döwrebap bilim-terbiýe bermekde, bilimli, zehinli, kämil, beden hem-de ruhy taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmekde ilkinji nobatda terbiýe ojagynyň maşgala bolup durýandygy, maşgala mukaddesligini gorap saklamak, bu babatda ata-babalarymyzyň halkymyza ajaýyp gymmatlyklary miras goýup gidendikleri, şol milli ýörelgelerimize eýerip, şu günki ýaşlaryň mynasyp dowam etdirmelidigini aýtdy. Şeýle hem ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek barasynda Gahryman Arkadagymyzyň kämil paýhasyndan kemala gelen “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi”, “Ömrümiň manysy” ýaly ajaýyp kitaplarynyň ýol-ýörelge, görelde mekdep bolup durýandygy barada giňişleýin täsirli çykyş etdiler.

Pursatdan peýdalanyp, “Ýaşlar biziň geljegimizdir” diýip,  eziz Diýarymyzyň röwşen ykbalyny biz ýaşlarda görýän, bize uly ynam bildirýän Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza egsilmez alkyş aýdýarys. Goý, Mähriban Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, türkmen halkynyň, biz ýaşlaryň ýagty geljegimiz ugrunda tutýan beýik tutumly işleri elmydama üstünliklere beslensin.

 

 

Gurt DÖWLETOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika

institutynyň 4-nji ýyl talyby,

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.

Meňzeş habarlar

26 Iýun 2025 | 1 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK

26 Iýun 2025 | 1 okalan

SPORT — SAGLYGYŇ GIREWIDIR

24 Iýun 2025 | 505 okalan

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI