Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän nesillerimiz hakyndaky alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugur, ilkinji nobatda, ýaşlarymyzyň jemgyýetiň we döwletiň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna gatnaşmagy, hukuklarynyň, azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilýär. Mälim bolşy ýaly, Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky” Karara gol çekmegi bu babatda möhüm ädim boldy.
Ýeri gelende bellesek, “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ýurdumyzda ýaşlary döwlet tarapyndan goldamak we ösdürmek babatda özgertmelere giň ýol açdy. Şoňa görä, bu kanunçylyk namasynda, şeýle hem “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda möhüm wezipeleriň toplumy göz öňünde tutulýar.Bu wezipeler ýaşlaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, olaryň arasynda milli medeniýetimize, dilimize we edebiýatymyza, taryhymyza söýgi ruhunda terbiýelemek bilen bagly düşündiriş hem-de aň-bilim işleriniň derejesini ýokarlandyrmak, ýaşlaryň halkara ylmy hyzmatdaşlyga bolan höwesini artdyrmak ýaly wezipelerden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, döwlet ýaşlar syýasaty Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň hukuklaryny we azatlyklaryny amala aşyrmaga gönükdirilen durmuş, ykdysady, syýasy, guramaçylyk hem-de hukuk çäreleriniň ulgamynyň döredilmegini göz öňünde tutýar. Şonuň üçin bu işe jemgyýetçilik guramalary hem-de degişli döwlet edaralary işjeň goşulmalydyr.
2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilmegi ömrümize şan, göwnümize ganat berdi. Ajaýyp ýylymyzda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýynyň üstünlikli geçirilmegi jemgyýetimiziň işjeň bölegi bolan ýaşlara bildirilýän belent ynamdan aýdyň nyşandyr. Arzuwlaryň wysala, maksatlaryň myrada gowuşýan galkynyşly günlerinde geçirilen gurultaý “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyz” bilen bitewi sazlaşygy emele getirýär. Asyrlaryň akabasy, nesilleriň ybadaty bolup gelen hoş günler kalplaryň zynaty, ak arzuwlary wysala öwrüp, bagtyýarlyk peşgeş berdi.
Özleri hakynda edilýän aladalara mynasyp jogap bermek bilen, bu gün ýaşlarymyz döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, hususy ulgamda yhlasly zähmet çekýärler, durmuş ugurly döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylyşyna işjeň gatnaşýarlar. Bu bolsa ýaşlaryň islendik döwletiň ykdysady ösüşinde hem aýratyn orun tutýandygyny görkezýär.
Biz — bagtyýar ýaşlar bilimlerimizi kämilleşdirip, bildirilýän belent ynamy ödemek ugrunda gujur-gaýratymyzy gaýgyrmajakdygymyza tüýs ýürekden ynandyrýarys!
Selbi BEGLIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň 2-nji ýyl talyby.