Mukaddes ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeler ýurdumyzyň aýdyň geljegini üpjün etmekde berk binýat bolup durýar. Döwletimiziň umumy ykrar edilen demokratik kadalara esaslanýan kanunçylyk hukuk binýadynyň berkdigi, halkyň öz Döwlet tuguna söýgi we hormat bilen buýsanýandygy aýratyn bellärliklidir.
Baýdak we Konstitusiýa her bir döwletiň Garaşsyzlygyny we berkararlygyny alamatlandyrýan mukaddeslikdir. Ýurdumyzda her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň bir günde bellenilmegi, bu iki mukaddeslige goýulýan hormatdan nyşandyr we milli gymmatlyklarymyza janymyz-tenimiz bilen ygrarlydygymyzyň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurdumyzda esasy Kanun bolup durýar. Hut şonuň üçin hem, esasy Kanunymyz ýokary hukuk güýjüne eýedir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygy kepillendirilýär. Konstitusiýa ýurdumyzyň hukuk döwleti hökmünde milli gymmatlyklarymyza we halkara ýörelgelere esaslanýan möhüm ulgamyny ösdürmegiň gözbaşynda durýar. Ondaky ýörelgeleýin kadalar kanunylyk, ynsanperwerlik, adalatlylyk, deňhukuklylyk, demokratiýalaşmak, halk häkimýetliligi ýaly häzirki zamanyň umumy jemgyýetçilik-syýasy düşünjeleriniň jemini emele getirýär.
Halkymyzyň milli guwanjy bolan Döwlet baýdagymyz ýurdumyzyň esasy Kanuny bilen birlikde bitewiligi emele getirýär. Çünki olarda ata-babalarymyzyň umyt-arzuwlary, häzirki bagtyýar zamanamyza we eşretli geljegimize bolan ynam jemlenendir. Baýdagymyzyň esasyny düzýän ýaşyl reňk, ýaşaýşyň gönezligi hasaplansa, türkmen halysynyň gölleri bäş welaýatymyzyň doganlygynyň alamatydyr. Aý we bäş sany ýyldyz öz gezeginde, halkymyzyň asuda asmanyň astynda azat, erkin, agzybir durmuşda ýaşaýandygyny aňladýar. Döwletimiziň milli buýsanjyna öwrülen mukaddesliklerimiziň mertebesini saklamak her birimiziň borjumyz bolup, ata Watanymyza we halkymyza bolan uly hormaty, sarpany aňladýar.
Esasy Kanunymyz we Döwlet baýdagymyz Watanymyzyň Garaşsyzlyk hem-de oňyn Bitaraplyk ýörelgelerini özünde jemleýär. Durmuşyň we döredijiligiň dabaralanýandygyny alamatlandyrýan bu mukaddesliklerimiz astynda jebisleşen halkymyz agzybirlikde döredijilikli zähmet çekýär. Esasy Kanunymyzyň kämilligi, Döwlet baýdagymyza goýulýan aýratyn hormat-sarpa hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň hemişe rowaçlyklara beslenýändiginiň mizemez kepilidir.
Türkmenistanyň Döwlet baýdagy halkymyzyň döwletliliginiň, ýurt asudalygynyň nyşanydyr. Ol Watanymyzyň, topragymyzyň ezizligini, mähribanlygyny, elmydama goraglylygyny alamatlandyrýar. Baýdak- döwletiň özbaşdaklygynyň, erkinliginiň, halkyň bitewiliginiň nyşany, döwletiň taryhy geçmişini özüne siňdiren mukaddeslikdir. Konstitusiýa-döwletliligiň binýady, döwletde halk häkimýetliliginiň, halkyň erk-isleginiň goraglylygynyň kepilidir.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän uly möçberli maksatnamalar, durmuş-ykdysady we jemgyýetçilik-syýasy özgertmeler döwletimiziň Konstitusiýasynda aýdyň beýanyny tapýar. Goý, ýaşyl Baýdagymyz parahatçylygyň, asudalygyň, agzybirligiň nyşany bolup, hemişe belentde parlasyn!
Sülgün AGAJANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Garagum etrap Geňeşiniň başlygy.