Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Ösüş biziň alyp barýan syýasatymyzyň baş maksadydyr” diýýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda täze taryhy eýýamda gurmak, döretmek we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny has-da gowulandyrmak babatda iňňän uly işler alnyp barylýar. Watanymyzy syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmekde, binagärlik we şähergurluşyk işini ýokary derejelere ýetirmekde, döwrebap obalary, şäherçeleri gurmakda, durmuşymyzyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmakda, sebitleri hemmetaraplaýyn ösdürmekde, her bir raýatyň abadan durmuşyny üpjün etmekde asyrlara barabar işler durmuşa geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda bina edilýän “Arkadag şäheri” hem, şeýle ajaýyp işleriň anyk subutnamasydyr.
Hawa, halkymyzda ýol çekmek, köpri gurmak, bina galdyrmak sogap iş hasaplanýar. Bu düşünje asyrlaryň dowamynda sünnälenip, asylly ýörelgä öwrülip, milli gymmatlyk hökmünde biziň günlerimize ýetip gelipdir. Ata-babalarymyzyň döwletlilik ýörelgelerine uly sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bugün sebitde deňi-taýy bolmadyk täze we döwrebap şäher- Arkadag şäheri döredi.
Dünýä ýaň saljak täze Arkadag şäheriniň keşbine gözellik goşjak dürli maksatly binalaryň milli äheňde atlandyrylmagy, milliligimize bolan buýsanjy goşalandyrýar. Arkadag şäherindäki çagalar sagaldyş merkezine hormatly Arkadagymyz, Gurbanguly Berdimuhamedowyň şeýle hem merkezi seýilgähdäki belent sungat binasyna Gahryman Arkadagymyzyň adynyň dakylmagy we onuň “Arkadag Binasy” diýlip atlandyrylmagy, halkyň Gahryman Ogluna goýýan sarpasydyr. Halka hyzmat etjek dürli maksatly binalara görnükli taryhy şahsyýetlerimiziň, ýagny Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebine meşhur seýis, ussat atşynas, halypa seýis Aba Annaýewiň adynyň dakylmagy we “Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy” diýlip atlandyrylmagy, mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine zähmetsöýer we zehinli mugallym, ilhalar ynsan, ýalkymly watançy, edermen esger, ynsanperwerlik ugrunda gaýduwsyz göreşiji Berdimuhamet Annaýewiň adynyň dakylmagy we “Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi” diýlip atlandyrylmagy, şeýle hem Saçly Dursunowyň, Görogly begiň, Döwletmämmet Azadynyň, Aman Gulmämmedowyň, Sahy Jepbarowyň, Şükür bagşy ýaly ussatlaryň atlarynyň dakylmagy ýurdumyzda halypalara goýulýan belent sarpadan nyşandyr.
Aýratyn bellenilmäge mynasyp wakalaryň biri hem, geçen ýylyň aýagynda we şu ýylyň ilkinji aýlarynda Arkadag şäherine dürli halkara guramalaryň wekilleri gelip gördüler. Şunda, şäheriň gurluşyklarynyň taslamalary we onuň smart ulgamlarynyň programmalary işlenip taýýarlanylan-da, bu işlere ýaşlarymyzyň, has takygy, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň hem-de ýaş hünärmenleriň çekilendigini bellemek gerek. Munuň özi häzirki döwürde ýaşlara eziz Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmelere gatnaşmak we ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleriň döredilendigini görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň: “Arkadag şäheriniň ýaşlaryň şäheri hökmünde ykrar edilmegi guwançly ýagdaýdyr.” diýen ajaýypdan-ajaýyp, dürdäneden- dürdäne sözleri bolsa, Arkadag şäheriniň ýaşlaryň şäheri hökmünde ykrar edilendigine şaýatlyk edýär. Ýeri gelende bellesek, “Arkadag şäheri hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylmagy we şu ýylyň 24-nji martyndan bu Kanunynyň güýje girizilmegi, “Arkadag” teleýaýlymynyň, “Arkadag” gazetiniň hem-de “Arkadag” futbol toparynyň döredilmegi bolsa, türkmen ýaşlarynyň belent başyny has hem göge ýetirdi.
Mahlasy, ösüşleriň anyk menzillerini, ýeňişlere barýan ýoluň aýdyň sepgitlerini kesgitläp berýän, kämil paýhasyň eýesi bolan Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Serdarymyz ata Watanymyz, eziz Türkmenistany beýik işlere alyp barýarlar. Şeýle ajaýyp pursatda bolsa, «Watan» diýen beýik düşünjäniň mukaddesligini özlerine hemra edinen, ykbaly galkynan türkmen ýaşlarynyň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza kalby buýsançdan, egsilmez alkyşdan doly.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!”, Arkadagly Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ýörelgeleri esasynda amala aşyrylýan täze özgertmeleriň dowamaty dowam bolsun!
Goý, geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde giň möçberli özgertmeleri, beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, alyp barýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Şöhrat GELDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet Energetika institutynyň
Senagat-tehnologiýa fakultetiniň 3-nji ýyl talyby,
TMÝG-niň işjeň agzasy.