Şatlanyp guwanýan,ykbal bagtyýar,
Ýürek buýsanjym sen, Bitarap Watan!
Jenneti ülkämi dünýä tanaýar,
Çäksiz guwanjym sen, Bitarap Watan!
Bu gün toý toýlaýar agzybir ilim,
Toý gününde, saýraýar owazly dilim,
Şowhuna beslenýär her aýym, günüm,
Beýik ynanjym sen, Bitarap Watan!
Gözel Türkmenistan, Sen baky ýaşa!
Arkadagym bilen göwünler joşa,
Egsilmez ylham sen şahyra-bagşa,
Ömür daýanjym sen, Bitarap Watan!
ALKYŞNAMA
Baky bagtyň ak daňyny ataran,
Uzak ýaşaň, Arkadagly Serdarymyz!
Türkmen ykbalyny arşa göteren,
Uzak ýaşaň, Arkadagly Serdarymyz!
Eziz Diýarmyzy synlan mahalyň,
Haýran galýas gözelligine Watanyň,
Binalara, guwanyplar bakaryn,
Uzak ýaşaň, Arkadagly Serdarymyz!
Şatlandym men töweregime ser salyp,
Joşýaryn elime galamym alyp,
Alkyş aýdýas Watan waspyny ýazyp,
Uzak ýaşaň, Arkadagly Serdarymyz!
Bägül AHMEDOWA,
Murgap etrabynyň Şordepe geňeşliginiň ýaşaýjysy,
TMÝG-niň işjeň agzasy.