“UZAKLARA ÝAŇ SALAN OWAZ”

“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda medeniýet ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, kämilleşdirmek ugrunda alnyp barýan netijeli we düýpli işler bagtyýar ýaşlaryň durmuşynda aýdyň beýanyny tapýar. Nurana ertirlerimize, şöhle saçýan bagtyýar ýaşlarymyzyň geljegi bilen aýrylmaz bagly bolan medeniýet ulgamynyň sazlaşykly ösüşini, ýaşlaryň aýdym-saza milli medeniýetimize bolan höwesini artdyrmak üçin alnyp barylýan işler barha rowaç alýar.

Ýakynda, Baýramaly etrap medeniýet bölüminiň gurnamagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň guramaçylykly  gatnaşmagynda, ýaş bagşy sazandalaryň arasynda yglan edilen “Çalsana bagşy” atly döredijilik bäsleşiginiň Baýramaly etrap tapgyry geçirildi. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” üstünliklere beslenen döredijilik bäsleşigi ýaş bagşy sazandalaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga, milli medeniýetimizi dünýä ýaýmaga, gadymdan gelýän halypa-şägirtlik ýoluny mynasyp dowam etdirmäge uly itergi berdi. Bäsleşikde çykyş eden bagşy sazandalar gadymy halypalarymyzyň ýerine ýetirýän türkmen milli halk aýdymlaryny we ajaýyp sazlaryny ýerine ýetirdiler.

Üstünlikli geçirilen döredijilik bäsleşigine gatnaşan bagtyýar ýaşlar ýurdumyzda aýdym-saz sungatyny ösdürmekde, milli mirasymyzy nesillerden-nesillere dowam etdirmekde, dünýä halklarynyň arasynda gadymy türkmen milli aýdym-saz sungatyny has-da kämilleşdirmekde bimöçber işleri durmuşa geçirýän milli medeniýetimiziň hak-howandary Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan döwletli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Bäsleşigiň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň adyndan baýrakly orunlara mynasyp bolan höwesjeň bagşy sazandalara hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary hem gowşuryldy.

 

Azat MUHIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Baýramaly etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 24 okalan

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

24 Iýun 2025 | 23 okalan

AÝDYM-SAZLY ÇÄRE GEÇIRILDI