DÜNÝÄ ÝAÝBAŇLANDYRYLAN TÜRKMEN KEŞDEÇILIK SUNGATY

ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktory hanym El-Huriniň ýurdumyza getiren hoş habary “Türkmen keşdeçilik sungaty”, “Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri” hem-de “Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi” ýaly medeni-mirasymyzyň görnüşleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli degişli güwänamalary gowşurmagy halkymyzda uly buýsanç döretdi.

Bu gün geçmiş taryhymyzda çeper el hünärini döredip, halkymyza gaýtalanmajak gözel sungaty miras galdyran ene-mamalarymyzyň tirsegine galandyklaryna ynanjymyz kämil. Bu hoş habar diňe bir çeper elli zenanlary däl, eýsem, uludan-kiçä hemmede uly buýsanç döretdi. Türkmen zenanlaryň durmuşyny keşdesiz, dokmasyz göz öňüne getirip bolmaýar. Bu sungat her öý, her ojakda gyzjagazlaryň eli iňňe tutup başlandan öwredilýär. Ýüpekçiligiň we keşdeçiligiň nesilleriň zähmet terbiýesinde hem ähmiýeti uludyr. Ýüpek gurçugy tutulýan hojalyklarda ýaş ýetginjekleriň zähmet bilen ýugrumy ýetýär. Keşde çekýän gyzlar keşde göwünli, ýüpek häsiýetli bolýarlar. Bu hünär olarda maksada okunlylygy, irginsizligi, çydamlylygy, geçirimliligi terbiýeleýär. Gijeler ýatman biri-biri bilen ýaryşyp işleýän gyzlar geljekde bir maşgalanyň söýesi bolýarlar. Şeýle ylahy hünäriň elmydama rysgal-bereket getirýändigine düşünen ene-mamalarymyz ýaşlygyndan gyzjagazlara iňňe tutmagy, keşde çekmegi öwredipdirler. Eline iňňe berilen gyz syna düşendigini, işine seredip baha berilýändigini bilip, özünde jogapkärçilik duýupdyr. Şeýlelikde, inçejik iňňe bilen ýüpek sapaklaryndan ýöne bir sungat däl, eýsem, gudrat döräpdir. Ynha, şol gudratam keşdeçi gözellerimiziň, milli keşdeçilik sungatymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýdy. Ýurdumyza gelip gowşan hoş habar arzuwlaryny keşdelerine siňdirip, kakasydyr erkek doganlarynyň ýanýoldaşynyň abraý-mertebesini baýdak ýaly depesinde göteren ýüz müňlerçe keşdeçi türkmen gelin-gyzlarynyň zähmetine dikilen hormat heýkelidir.

Bu hoş habar mynasybetli Mary welaýat derejesinde Ýolöten etrabynyň Talhatan oba medeniýet öýünde edara-kärhanalarynda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň gatnaşmagynda dabaraly maslahat geçirildi. Ýolöten etrabynyň Talhatan oba medeniýet öýüniň giň foýesinde ýaýbaňlandyrylan köp görnüşli sergileri hem gurnaldy. Owadan milli lybaslar, sünnälenip bejerilen kürtedir çyrpylar, çabytlar, ýüňden we ýüpekden nepislik bilen dokalan haly önümleri, dürli bezegler milli mirasymyzyň dünýäde deňsiz-taýsyzdygynyň subutnamasy bolup, göreni haýrana goýdy. Dabaraly maslahatda edilen çykyşlarda halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan medeni mirasy, milli gymmatlyklary barada buýsançly sözler aýdyldy.

 

Jennet ORAZOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Ýolöten etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 24 okalan

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

24 Iýun 2025 | 23 okalan

AÝDYM-SAZLY ÇÄRE GEÇIRILDI