Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň pähim-paýhasyndan dörän paýtagtymyzyň binagärlik keşbine nazar aýlanyňda, gaýtalanmajak özboluşlylyk göwnüňe ganat bagladýar. Bu zatlaryň ählisi bolsa, döredijilik gözlegleriniň ajaýyp miweleridir.
Ak mermere beslenen paýtagtymyz ýokary derejeli edara we ýaşaýyş jaýlarynyň, muzeýleriň, teatrlaryň, myhmanhanalaryň, seýilgähleriň,gadymy ýadygärlikleriň köplügi bilen myhmanlaryň ünsüni özüne çekýär.Şeýle owadan binalaryň birnäçesiniň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi has-da buýsandyryjydyr.
Hawa, Aşgabadymyz günsaýyn gözelleşýär, täze-täze ymaratlar gurulýar. Paýtagtymyzyň seýilgähleri, şaýollary al-elwan güllere beslenýär. Ýurdumyzyň paýtagty ähli halkymyzyň söýgüsinden hem mährinden kemal tapýar, tutuşlygyna täzeden gurulýar. Aşgabat şäheriniň ilatynyň we oňa gelýän myhmanlaryň medeniýetli dynç almaklary üçin has amatly şertleri döretmek hemde şäheriň binagärlik we şähergurluşyk işini has-da kämilleşdirmek üçin köpugurly işler amala aşyrylýar.
Bilşimiz ýaly, Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän «Ak şäherim Aşgabat» monumenti bu gözelligiň üstüni doldurýan ajaýyp binalaryň biri bolup durýar. Bu bina Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň başda durmagy bilen «Ak şäherim Aşgabat» monumentini gurmak hakyndaky 2013-nji ýyldaky Karary esasynda bina edildi.
Aşgabat-berkararlygyň, bagtyýarlygyň, döwletliligiň,aýdym-sazlaryň şäherine öwrüldi. Aşgabat-türkmeniň ýüreginiň buýsanjyna, gözüniň guwanjyna, kalbynyň aýdymyna öwrüldi. Aşgabat - ak ýollaryň, ak arzuwlaryň, ýagşy umytlaryň şäheri.
Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň gözel paýtagtymyzy wasp edýän aýdymlarynyň diýseň kändigini, halkymyzyň ol aýdymlary teşnelik bilen diňleýändiklerini göreniňde, merjen şäherimiziň gyzgyn söýgä gurşalýandygyna göz ýetirýärsiň. Ak şäherimiziň waspyny ýetirýän «Aşgabat» diýen ajaýyp aýdym has-da täze röwüş, bagtyýar halkymyzyň ýürek urgusy bilen sazlaşyp, göwün guşuňy al-asmanda pelpelledýär.
Paýtagtymyz Aşgabat sözüň doly manysynda gözelligiň, ajaýyplygyň, bagtyýarlygyň merjen şäheridir.
Ata-babalarymyzyň döwlet gurmak, şäher gurmak ýoluny döwrebap dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.
Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik bolsun, tutýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!
Jennet TÖRÄÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň 2-nji ýyl talyby.