ZEMINE ÝAŇ SALSYN ÇAGA GÜLKÜSI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň  Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň guramagynda welaýatymyzdaky «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Zemine ýaň salsyn çaga gülküsi» atly türkmen milli oýunlary boýunça bäsleşikler, sport we medeni-köpçülikleýin çäreler geçirildi.

Çärä gatnaşan körpeleriň birnäçesi türkmen halk ertekilerini labyzly okadylar we erteki gahrymanlarynyň häsiýetleri barada öz garaýyşlaryny beýan etdiler. Işjeň häsiýete eýe bolan ýaryşlara gatnaşan çagalar özleriniň sport ussatlyklaryny görkezdiler, şeýle hem çäräniň dowamynda asuda Diýarymyzy wasp edýän birnäçe joşgunly aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzy bagtyýar çagalygyň mekanyna öwürýän, ýaş nesilleriň mynasyp bilim-terbiýe almagy ugrunda giň gerimli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Parahat HAŞYMOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Mary etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

22 Awgust 2025 | 33 okalan

ROWAÇLY MENZILLERE BADALGA

20 Awgust 2025 | 68 okalan

ÝAŞ TELEKEÇILER BARHA KÄMILLEŞÝÄR

19 Awgust 2025 | 64 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ SAKASY