Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň guramagynda Mary welaýat tele-radio studiýasynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gazanylýan üstünlikleri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlaryny halk köpçüligine ýetirmek maksady bilen geçirilen söhbetdeşlige Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary gatnaşyp, olar öz çykyşlarynda dürli ulgamlarda alnyp barylýan işler, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyryşynyň dokuzynjy maslahatynda garalan meseleler, şol sanda ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek ugrunda durmuşa geçirilýän işler dogrusynda giňişleýin belläp geçdiler. Çykyşlarda ýakyn günlerde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri, şeýle hem ol ýerde maslahatlaşyljak möhüm meseleleriň geljekde döwletleriň arasyndaky işjeň gatnaşyklary has-da pugtalandyrjakdygyny aýratyn nygtalyp geçildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzyň ähli ulgamlarda uly ösüşlere eýe bolmagynda, milli kanunçylygymyzy has-da kämilleşdirmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, beýik başlangyçlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maksat JANMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň başlygy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.