SPORT — SAGDYNLYGYŇ GÖZBAŞY

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň, TKA-nyň Tagtabazar etrap birleşmesiniň bilelikde guramagynda etrabyň 1-nji çagalar bakja-bagynda terbiýelenýän körpeleriň gatnaşmagynda «Sport — sagdynlygyň gözbaşy» atly sportuň ýeňil atletika görnüşi boýunça ýaryş geçirildi.

Ýaryş diýseň çekeleşikli geçip, onda çagalar öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Netijede Hangeldi Taganow 1-nji, Bägül Azadowa 2-nji, Atajan Öwezmyradow 3-nji orunlara mynasyp boldular. Ýeňiji bolan körpelere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Sport çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Kakajan TÄÇGULYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat

Geňeşiniň kätibi.

Meňzeş habarlar

08 Iýul 2025 | 1 okalan

ZEMINE ÝAŇ SALSYN ÇAGA GÜLKÜSI

08 Iýul 2025 | 1 okalan

ÖSÜŞLI MENZILLERIŇ AÝDYŇ BEÝANY

08 Iýul 2025 | 1 okalan

SPORT — SAGDYNLYGYŇ GÖZBAŞY