Golaýda ýaş nesilleriň ylym-bilimli kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerini hem-de tomusky dynç alyş möwsümini täsirli geçirmeklerini gazanmak, kitaphanalara işjeň çekmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň, welaýat Baş bilim müdirliginiň hem-de Mary welaýat çagalar kitaphanasynyň bilelikde guramagynda “Arkadagyň Bagtyýar nesilleri” çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň gatnaşmagynda «Bagtyýar nesiller ýurduň ýagty ertiri» ady bilen medeni-köpçülikleýin çäreler geçirildi.
Çäreleriň dowamynda ajaýyp kitaplaryň sergisine, çeper okaýyşlara we dürli bäsleşiklere giň gerim berildi. Bilim we kitaphana işgärleriniň, şeýle hem merkezde dynç alýan bagtyýar çagalaryň işjeň gatnaşmagynda geçen bu bäsleşik örän gyzgalaňly we çekeleşikli boldy.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň mynasyp bilim-terbiýe almagy, ylym öwrenmegi, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Göwher KAKAGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Mary şäher Geňeşiniň baş hünärmeni.