“MENIŇ WATANYM” ATLY DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat hem-de Baýramaly etrap Geňeşleriniň bilelikde guramagynda “Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasyndan” hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyndan  ugur alyp ýaş nesilleriň döredijilige we sungata bolan höwesini artdyrmak maksady bilen etrabyň 2-nji “Lälezar” çagalar bakja-bagynda terbiýelenýän körpeleriň gatnaşmagynda «Meniň Watanym» atly surat çekmek boýunça döredijilik bäsleşigi geçirildi.

Bäsleşikde körpeler bagtyýar çagalygy, eziz Diýarymyzy, gözel tebigatymyzy wasp edýän ajaýyp suratlaryň üsti bilen öz aralarynda bäsleşdiler. Gyzykly geçen bäsleşikde öz ukyp-başarnyklaryny görkezen körpelere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň adyndan Hormat hatlary gowşuryldy.

Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzy bagtyýar çagalygyň mekanyna öwürýän, ýaş nesilleriň sungat we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Aýgül DODYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Baýramaly etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

02 Iýul 2025 | 35 okalan

TÜRGENLER USSATLYKLARYNY GÖRKEZDILER

01 Iýul 2025 | 581 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI