«WATAN ŞÖHRATYNY ÄLEME BUŞLAR, ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR»

Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän beýik işler, ýetilýän üstünlikler biziň her birimizi buýsandyrýar. Täze taryhy döwürde ýaşlar öz zehinleri bilen ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşýarlar. Ýaşlaryň iň döwrebap tehnologiýalara erk etmekleri, dünýä dillerini bilmekleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şonuň üçin hem olaryň ukyp-başarnyklary sanly ulgamy ösdürmekde hem, işleri döwrebap alyp barmakda hem aýratyn ähmiýetlidir.

Hut şu nukdaýnazardan ugur alyp, ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň bilelikde guramagynda «Ýaş Liderler — Türkmenistanyň häzirki we geljekki ösüşiniň hereketlendiriji güýji» şygary bilen hepdelik geçirildi. Hepdeligiň çäklerinde institutyň talyp ýaşlarynyň arasynda «Watan şöhratyny äleme buşlar, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» atly aýdym-sazly dabaraly maslahaty, «Arkadagly Serdar bilen, türkmen şanyn dünýä biler» atly döredijilik bäsleşigi, şeýle hem sportuň birnäçe görnüşleri boýunça fakultetara ýaryşlary ýokary ruhubelentlikde geçirildi.

Geçirilen dabaraly maslahatda çykyş edenler Garaşsyz Diýarymyzda Arkadagly Serdarymyzyň uzak geljegi nazarlaýan täze başlangyçlary esasynda häzirki wagtda ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi, ýaş nesilleriň, şol sanda talyp ýaşlaryň bagtly geljegi üçin uly alada edilýändigi, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilendigi we ýaşlar üçin täze iş orunlarynyň döredilmegi, ýaş maşgalalara döwlet tarapyndan uly goldaw-hemaýatlaryň berilmegi, ýaşlaryň bilimine, ukyp-başarnygyna uly üns berilýändigi barada giňişleýin bellediler.

Şeýle hem hepdeligiň çäklerinde döredijilik bilen meşgullanýan talyp ýaşlaryň arasynda «Öňdebaryjy alypbaryjy», «Öňdebaryjy aýdymçy», «Öňdebaryjy sazanda», «Öňdebaryjy tansçy» atly döredijilik bäsleşikleri geçirilip, ýeňijiler yglan edildi. Hepdäniň dowamynda geçirilen aýdym-sazly dabaraly maslahatlarda, döredijilik duşuşyklarynda, zehin bäsleşiklerinde we sport ýaryşlarynda işjeňlik görkezen talyp ýaşlar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.

 

Gülzada ŞIRMÄMMEDOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň

Kompýuter tehnologiýasy fakultetiniň

1-nji ýyl talyby, TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 1 okalan

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

24 Iýun 2025 | 1 okalan

AÝDYM-SAZLY ÇÄRE GEÇIRILDI