TÜRKMEN HALYSY — NEPISLIGIŇ WE AGZYBIRLIGIŇ SUNGAT ESERI

Dünýäniň iň gadymy halklarynyň biri bolan türkmen halky özüniň müňýyllyklara uzaýan taryhy geçmişinde dünýä genji-hazynasyna öwrülen medeni we sungat eseriniň ýüzlerçesini döretdi. Ajaýyp medeni gymmatlyklarymyzyň biri hem gözbaşyny adamzat taryhynyň iňňän gadymy döwürlerinden alyp gaýdýan haly sungatydyr. Türkmen halylarynyň gözelligi bu gün – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan ruhuny ganatlandyrýar, baý öwüşginli reňkleri, nagyşlary jana rahat beriji saz bolup ýaňlanýar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan inçeden nepis haly sungatyna aýratyn üns berilýär, haly sungatyny ösdürmek babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar, milletimiziň ruhy hem-de maddy medeniýetiniň gadymy däplerini özünde jemleýän haly sungaty täzeden dikeldilýär.

Häzirki döwürde içerki we daşarky bazarlarda ýokary hilli haly önümlerine bolan uly islegi kanagatlandyrmak wezipeleri bilen bir hatarda, haly dokamagyň milli däpleri goralyp saklanýar, gadymy nusgalar hem-de nagyşlar dikeldilýär. Arkadagly Serdarymyzyň başlangyçlary bilen halyçylyk pudagynyň önümçilik düzümi döwrebaplaşdyrylýar, ýurdumyzyň şäherlerinde, obalarynda täze fabrikler gurulýar hem-de işe girizilýär. Halyçy gelin-gyzlar üçin amatly şertler döredilýär.

Mälim bolşy ýaly, her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde «Türkmen halysynyň baýramy» uly ruhubelentlikde geçirilýär. Ýakynda, «Türkmen halysynyň baýramy» mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebiniň hem-de Mary welaýat kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda «Türkmen halysy — nepisligiň we agzybirligiň sungat eseri» ady bilen baýramçylyk maslahaty geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat, şäher-etrap Geňeşleriniň işgärleri, talyp ýaşlar hem-de welaýat kitaphanasynyň öňdebaryjy kitaphanaçylary gatnaşdylar.

Dabaraly çärede, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni Hajar Garryýewa, «Maru-Şahu-Jahan» gazetiniň bölüm redaktory Sülgün Şadyýewa, Mary welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy Aýna Arazmedowa dagy çykyş etdiler. Olar eli çeper gelin-gyzlarymyzyň yhlasynyň we ýiti zehininiň miwesi bolan halylarymyzyň nepisligi, owadanlygy, inçe syrlary, onuň taryhy ähmiýeti, müdimiligi hem-de gözelligi dogrusynda buýsançly gürrüňleri etdiler.

Çykyşlarynyň ahyrynda, haly sungatyny ösdürmekde döredip beren giň mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyza alkyşly sözler aýdyldy.

 

Aýna KAMAROWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk

orta okuw mekdebiniň mugallymy,

Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 1 okalan

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

24 Iýun 2025 | 1 okalan

AÝDYM-SAZLY ÇÄRE GEÇIRILDI