ÇAGA — DURMUŞYŇ GÜLI

«Bal süýji, baldan-da bala» diýen peder pähiminde halkymyzyň ynsan durmuşynyň gül-gunçalary saýylýan çagalara söýgisi şöhlelenýär. Baldan süýji balalaryň şatlyga we bagtyýarlyga beslenen gülki seslerini eşideniňde göwün argynlygyň unudylyp, köňlüň ýazlaýar.

Hawa, çagalar biziň geljegimizdir. Olar adamzat ýaşaýşynyň many-mazmuny, maşgala durmuşynyň bezegi, jemgyýetiň geljegi saýylýar. Durmuşymyzyň güli hasaplanylýan çagalarymyzyň geljeginiň ýagty, ýörejek  ädimleriniň şowly, ylymdan we bilimden ýüki ýetik bolmagy babatda eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda giň mümkinçilikler döredilýär.

Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda çagalaryň saglygyny goramak, olary özbaşdak durmuşa taýýarlamak we zähmete uýgunlaşdyrmak  hem-de hemmetaraplaýyn ýokary derejeli ýaşaýyşyny üpjün etmek boýunça ygtybarly hukuk we durmuş şertleri döredilýär. Ata Watanymyzda halkara hyzmatdaşlygy, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy we onuň iri düzümleri, hususan-da, BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi we Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, bu gazna Gahryman Arkadagymyzyň adynyň dakylmagy bu ugurda amala aşyrylan uly işlerdir.

Hakykatdan hem, ýaşaýşa bolan höwesi döredýän, durmuşyň özenini düzýän, öýlerimiziň «altyn aşygy» saýylýan, ýüzleri nurana mähriban çagalar biziň ýagty geljegimiz, Watanymyzy gülledip ösdürjek, at-abraýyny ýokary galdyrjak ýaş nesillerimizdir.  Her ýylyň 1-nji iýunynda tutuş dünýä bileleşigi bilen birlikde ýurdumyzda hem Çagalary goramagyň halkara güni ýokary derejede bellenilýär. Bu baýramyň ýurdumyzda döwlet tarapyndan giňden bellenilýän baýramçylyklaryň sanawyna goşulmagy bolsa, halkymyzyň körpelere bolan söýgüsiniň näderejede beýikligini görkezýär.

Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda-da çagalar üçin niýetlenen ähli seýilgählerde ajaýyp dabaralar guralyp, olaryň şanyna aýdym-sazlar belentde ýaňlandy. Baýramçylyk mynasybetli sergiler, bäsleşikler, sport we sagaldyş çäreleri yzygiderli guraldy. Şeýle çärelere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat, şäher, etrap Geňeşleri hem işjeň gatnaşdylar. Bu şanly gün mynasybetli, geçirilýän her bir çäreler baldan süýji balalara unudylmajak täsirleri, şatlyk duýgularyny peşgeş berdi.

Mahlasy, çaga — durmuşyň güli, ýaşaýşyň özeni. Goý, asuda zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly saýasynda, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ata Watanymyzyň nowça gülleri bolan eziz çagalaryň gülki sesleri, şat owazlary hemişe belentden ýaňlanyp dursun!

 

Aýjeren GELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 1 okalan

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

24 Iýun 2025 | 1 okalan

AÝDYM-SAZLY ÇÄRE GEÇIRILDI