5-NJI IÝUN — DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz ähli ulgamlar bilen bir hatarda daşky gurşawy aýawly saklamak, tebigatymyzyň haýwanat we ösümlik dünýäsini gorap saklamak bilen bagly wajyp wezipeleri hemişe üns merkezinde saklaýar. Sebäbi, bu ugur Arkadagly Serdarymyzyň ekologiýa babatdaky abadan geljegimizi nazarlaýan parasatly syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda «Tebigaty goramak hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi, Tokaý kodeksiniň hereket etmegi we olaryň döwrüň talabyna görä kämilleşdirilmegi tebigatyň ygtybarly goragyndan habar berýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 53-nji maddasynda «Her bir adam tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçludyr» diýip bellenilmegi bolsa, ekologiýa abadançylygyny gorap saklamakda we tebigata aýawly çemeleşmekde, ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň möhüm ugrudygyny mälim edýär.

Bilşimiz ýaly, 1972-nji ýylda Stokgolm şäherinde geçirilen BMG-niň daşky gurşaw boýunça maslahatynda, 5-nji iýun — Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni diýlip yglan edildi. Biziň ýurdumyzda hem bu baýramçylyk 2008-nji ýyldan bäri döwlet derejesinde giňden bellenilip gelinýär. Bu ajaýyp sene, her bir adamyň ekologiýanyň ýagdaýyna jogapkärçiligi, tebigata aýawly çemeleşilmeginiň zerurdygy, onuň gözelligini we baýlygyny geljek nesilleriň bähbidine gorap saklamaga tagallalara işjeň gatnaşygy barada pikirlenmek üçin esasdyr.

Hawa, tebigata aýawly garamak, onuň gözelligini we baýlyklaryny geljek nesillerimiz üçin gorap saklamak hormatly Prezidentimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Hut şu nukdaýnazardan hem, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan işleriň has-da ýaýbaňlandyrylmagyna we döwlet ekologiýa syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna goşant goşmak Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzybir işgärleriniň hem-de agzalarynyň esasy maksady bolup durýar. Biz hem, daşky gurşawy zyýanly galyndylardan arassalamak, howanyň hapalanmagyna getirip biljek nogsanlyklaryň öňüni almak babatynda ýörite tassyklanan meýilnamalar esasynda köpçülikleýin çäreleri, ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat we düşündiriş işlerini yzygiderlilikde alyp barýarys. Bu bolsa, ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini we tebigata aýawly garaýşyny kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýe bolup durýar.

Mahlasy, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda tebigaty goramak we tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak babatda ägirt uly işleriň durmuşa geçirilmegi, gözel tebigatymyzy we özboluşly ekologiýa şertleri bilen tapawutlanýan güneşli ülkämizi gorap saklamaga, Diýarymyzda arassa ekoulgamy kemala getirmäge ýardam berýär.

Goý, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde biz ýaşlara görelde bolýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

Aýjeren GELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 24 okalan

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

24 Iýun 2025 | 23 okalan

AÝDYM-SAZLY ÇÄRE GEÇIRILDI