ÖKDE MEHANIZATORLAR HEM-DE ÖKDE KOMBAÝNÇYLAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda oba hojalyk pudagyny ýokary depginler bilen ösdürmek, azyk bolçulygyny döretmek babatda uly özgertmeler durmuşa geçirilýär, ýokary ösüşlere ýetilip, oňyn netijelere eýe bolunýar.

Mälim bolşy ýaly, Arkadagly Serdarymyzyň oba hojalygyny düýpgöter özgertmek, oba ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen oba zähmetkeşlerine ýakyndan ýardam bermegi, daýhanlary tohum, dökün, suw bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmagy hem-de kuwwatly daşary ýurt tehnikalaryny alyp bermegi  netijesinde bol galla hasyly  ýetişdirilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň edermen daýhanlary hem özleriniň tutanýerli zähmeti bilen, ak bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirdiler.

Hawa, ýaýylyp ýatan bugdaýly meýdanlar gözüňi-göwnüňi dokundyrýar, bereket-bolçulygyň, abadançylygyň nyşany bolup, kalplara kanagatlylyk, buýsanç duýgusyny çaýýar. Halkymyzyň bugdaýa, çörege bolan mukaddes gatnaşygy her birimiziň gündelik durmuşymyza ýaşaýşyň kanuny ýaly ornaşyp, ömrümiziň her bir pursadynda şöhlelenýär.

Galla oragynyň gyzgalaňly günlerinde, Ýolöten etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň, etrap medeniýet bölüminiň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikdäki tagallasy netijesinde etrapda ösdürilip ýetişdirilen galla hasylyny  gysga möhletde, ýitgisiz ýygnamakda işjeň gatnaşýan kärendeçileriň, kombaýnçylaryň, mehanizatorlaryň armasyny ýetirmek maksady bilen ekin meýdanlarynda bolup, aýdym-sazly dynç alyş çäreleri yzygiderli geçirilip durulýar. Munuň özi edermen daýhanlaryň zähmet üstünligine bolan ruhyny has hem galkyndyrýar.

Şeýle çäreleriň hatarynda «Ökde mehanizator» hem-de «Ökde kombaýnçy» ady bilen Ýolöten etrabynyň Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň ekin meýdanlarynda geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ajaýyp kitaby boýunça dermanlyk otlardan taýýarlanan çaýlar çärä gatnaşyjylara hödürlendi. Çäräniň ahyrynda etrapda ösdürilip ýetişdirilen galla hasylyny gysga möhletde, ýitgisiz ýygnamaga işjeň gatnaşýan kärendeçileriň, kombaýnçylaryň we mehanizatorlaryň birnäçesi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy.

 

Uzukjemal ÖMÜROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Ýolöten etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 24 okalan

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

24 Iýun 2025 | 23 okalan

AÝDYM-SAZLY ÇÄRE GEÇIRILDI