ÇILIM — ŞIRIN JANA ZULUM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ata Watanymyzyň ösüş-özgerişli ýoly rowaç alýar. Ajaýyp zamanamyzyň geljeginiň bagtyýarlygynyň aladasy şu günden başlanyp, bu wezipe hemmeleriň aladasy hasaplanylýar. Eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ähli ugurlar bilen bir hatarda zyýanly endiklere garşy göreş giňden ýaýbaňlandyrylýar.

Bu göreş jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkararlygyny gazanmaga gönükdirilýär, bu wajyp meselede bitirilýän işler, gazanylýan üstünlikler bolsa, il-günümizde, şol bir sanda ýaşlarymyzda hoşallyk duýgusyny döredýär.

Mälim bolşy ýaly, özüniň danalygy bilen türkmen edebiýatynda yz galdyran  Magtymguly Pyragy ýaramaz endikleriň adamyň saglygyna zyýanlydygyny öz şygyrlarynda çuňňur manyly hem-de düşnükli äheňde beýan edipdir. Şahyryň «Çilimkeş» diýen goşgusynda:

Süňňüňi syzdyrar, etiň gyzdyrar,

Bir nyşana budur sende çilimkeş!

diýmek bilen, bu ýaramaz närsäniň ynsan saglygyna zeper ýetirip, dürli erbet ýagdaýlara eltýändigini nygtaýar.

Hakykatdan hem, ýaramaz endikleriň hatarynda çilimkeşlik hem ynsan saglygyna zyýanly pişeleriň biridir. Şonuň üçin hem, ýurdumyzda temmäki önümleriň öňüni almak bilen bagly çärelere aýratyn üns berilýär. Bu meselä hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 7-nji iýunynda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde hem garalyp, mejlisde Arkadagly Serdarymyz temmäki önümleriniň, suw çiliminiň guralynyň we şiresiniň, elektron çiliminiň ýurdumyza bikanun dolanyşygyny aradan aýyrmak babatda anyk tabşyryklary bermegi, il-günümiziň saglygyny temmäki önümleriniň zyýanly täsirinden goramaga gönükdirilen derwaýys tagallasyndan nyşandyr.

Şu nukdaýnazardan, biz hem Hormatly Prezidentimiziň  2023-nji ýylyň 7-nji iýunynda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde beren anyk tabşyryklaryndan ugur alyp, welaýatyň iri jemgyýetçilik guramalary, harby we hukuk goraýjy edaralary bilen bilelikde ýörite tassyklanan meýilnamalar esasynda edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň, talyplaryň, oba ýaşaýjylaryň arasynda wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirýäris. Bu bolsa, jemgyýetimiziň has-da öňe gitmegine, jemgyýetimize zyýan ýetirýän endiklere garşy göreşmekde we ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde uly ähmiýete eýedir.

Mahlasy, sagdyn durmuşy esasy ýörelgämiz edinmek her birimiz üçin bagtyýarlygymyzyň eşretli  ýolunda abadan ýaşaýşyň kepilidir.

 

Annamuhammet BABAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 24 okalan

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

24 Iýun 2025 | 23 okalan

AÝDYM-SAZLY ÇÄRE GEÇIRILDI