BEREKET BOLÇULYGY — GALLA HASYLY

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda galla meýdanlarynda orak möwsümini üstünlikli jemlemek, galla hasylyny isripsiz ýygnamak üçin guramaçylyk işleri giňden ýaýbaňlandyrylan häsiýete eýedir. Il sylagly ýaşulularymyzyň ak patasy bilen başy başlanan galla oragy biziň bereketli Garagum etrabymyzda hem gyzgalaňly alnyp barylýar.

Welaýat we etrap häkimlikleriniň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda galla meýdanlarynda zähmet çekýän gallaçy kärendeçileriň we işgärleriniň arasynda zähmet bäsleşikleri, sergiler, baýramçylyk dabaralary we medeni-dynç alyş çäreleri yzygiderli geçirilýär.

Golaýda, şeýle çäreleriň biri Garagum etrabynyň Baýramaly daýhan birleşiginde geçirildi. Garagum etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşiniň hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrapda ösdürilip ýetişdirilen galla hasylyny gysga möhletde ýitgisiz we çalt ýygnamakda halal zähmetlerini gaýgyrmaýan gallaçylaryň, ussat mehanizatorlaryň we ýaş kärendeçileriň armasyny ýetirmek maksady bilen geçirilen medeni-dynç alyş dabarasy «Bereket bolçulygy — galla hasyly»  diýlip atlandyryldy.

Günortan arakesme wagtynda geçirilen medeni-dynç alyş dabarasynda sungat işgärleriniň ýerine ýetirmeginde aýdymdyr tanslar ýaňlanyp, olar bu dabaradan ruhy lezzet aldylar. Ýurdumyzda bitýän dermanlyk ot-çöplerden taýýarlanan melhem çaýlar bolsa, janypkeş gallaçylaryň göwünlerini galkyndyrdy.

 Özleri üçin döredilýän giň mümkinçilikleri üçin edermen gallaçylar  Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Ogulbagt AMANMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Garagum etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 24 okalan

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

24 Iýun 2025 | 23 okalan

AÝDYM-SAZLY ÇÄRE GEÇIRILDI