WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkarar edilmegine, ýaşlarymyzyň sagdyn we berk bedenli, ruhy we ahlak taýdan arassa adamlar bolup ýetişmeklerine uly ähmiýet berilýär. Hut şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 7-nji iýunynda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde temmäki önümleriniň, suw çilimi guralynyň we şiresiniň, elektron çilimiň bikanun ýollar bilen getirilmegine, olaryň bikanun söwdasyna we ulanylmagyna garşy göreşmek boýunça beren tabşyryklaryndan ugur alnyp guralýan çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar.

Golaýda, Ýolöten etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň, etrabyň polisiýa bölüminiň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda Talhatan oba medeniýet öýünde etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda «Ýaş nesilleriň sagdyn durmuş ýörelgesi — arassa ahlak terbiýesi» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Wagyz-nesihat çäresinde etrap häkimliginiň baş hünärmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Aly Rahmedow, etrap kazyýetiniň kazysynyň kömekçisi Arslan Halmuhammedow, etrabyň polisiýa bölüminiň derňew bölümçesiniň müdiri, polisiýanyň maýory Serdar Galakow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Jennet Orazowa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap birleşmesiniň başlygy Rozymuhammet Artykow, etrap hassahanasynyň narkolog lukmany Maýagözel Hümmedowa, etrabyň hormatly ýaşulusy Jumanazar Jumanazarow hem-de kümüş saçly ene Narmeňli Allakowa çykyş etdiler.

Olar öz çykyşlarynda ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek ugrunda durmuşa geçirilýän işler dogrusynda bellediler. Şonuň ýaly-da hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan gelip çykýan wezipeler dogrusynda giňişleýin durup geçip, olar temmäki önümleriniň, suw çilimi şiresiniň we elektron çilimi ulanmagyň ynsan saglygyna ýetirýän zyýany barada giňişleýin çykyş etdiler.

Çykyşlarynyň ahyrynda ýurdumyzda adam saglygyna zyýan berýän temmäki önümlerinden, zyýanly endiklerden daşda durmak üçin düýpli işleri durmuşa geçirmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyşly sözler aýdyldy.

 

Maksat ANNAGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Ýolöten etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 505 okalan

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

24 Iýun 2025 | 502 okalan

AÝDYM-SAZLY ÇÄRE GEÇIRILDI