“EL HÜNÄRIŇ ÝÖRELGE, ULUS – ILE GÖRELDE” ATLY HÜNÄR BÄSLEŞIGINIŇ JEMI JEMLENILDI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyz barha özgerýär, ösýär. Arkadagly Serdarymyz ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek we olaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerini gazanmak, ýaşlary hünärlere ugrukdyrmak, olaryň tebigy zehinini, ukyplaryny ýüze çykarmak, Türkmeniň milli mirasyny, el işleri we senetçilik bilen meşgullanmak barada ündäp durýar. Gelin-gyzlarymyzyň her bir milli senetlerine haýran galyp, olaryň kämilleşmekleri, milli mirasymyzy gorap saklamaklary üçin uly aladalar edýär. Baý çeper däpleriň mirasdüşerleri dogrusynda söhbet açylmagy bolsa bu ýa-da başga bir çeperçilik mekdebiň ösüşine, şol bir wagtyň özünde onuň ertirki gününe göz aýlamaga mümkinçilik berýär. Şol sanda milli mirasymyzyň waspyny etmek, el hünäriniň, zehininiň, ukyp başarnyklaryny görkezmeklik maksady bilen Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda yglan edilen “El hünäriň ýörelge, ulus – ile görelde” atly hünär bäsleşiginiň jemi jemlenildi.

Bu bäsleşigiň şerti boýunça, her bir talyp gyzlar saýlap alan hünärini wasp edýärler, ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip, dowam edip gelýän milli el işlerini ýerine ýetirmek, gelin-gyzlara mahsus bolan halk döredijiliginiň şahyrana eserlerini çeper beýan etmek bolup durýar. Talyp gyzlar milli gymmatlyklarymyzyň aýratyn sarpalanylýan döwründe milli çeperçilik senedimiz bilen meşgullanyp, öz ussatlyklaryny, oýlap tapan nagyşlaryny milli mirasyň üsti bilen wasp edip, döwrebap eserleri bilen çykyş etdiler. Ýaş talyp gyzlara hünär bäsleşiginiň jeminde Türkmenistanyň Bilim ministri tarapyndan hormat hatlary, Türkmenistanyň  Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi  tarapyndan gymmat bahaly ýadygärlikler sowgatlary gowşuryldy.

Türkmen gelin-gyzlarynyň milli kesp-käri hasaplanylýan bu el işi nesilden-nesle geçip, häzirki günde dowam etdirilýär. Hormatly Arkadagymyz: “Her bir nagyş – gül, göl, hat-da ownuk çitimler manysyz bir öwüşgin däldir. Olar ynsan ömrüni gözden-dilden, görner-görünmez bela-beterlerden goraýan tumardyr” diýip belleýär. Her halkyň özüne mahsus bolan aýratynlygy esasynda döreden el işleri olaryň ruhy dünýäsini açyp görkezýär. Türkmen halky egin-eşiklere baý halk. Türkmen geýimleri görnüşleriniň köplüginden däl-de, eýsem olaryň owadanlygyndan, ajaýyplygyndan, gaýtalanmazlygyndan bellidir. Gelin-gyzlaryň köýnekleri köplenç keteni matadan bolup, ýanly biçüwde tikilipdir we ýakasy nagyşlanylypdyr. Olaryň ýakalary nepislik bilen keşdelenilipdir. Türkmen zenanlarynyň başatgyçlary gadymy döwürlerden bäri türkmeniň milli özboluşlylygyny tire-taýpalaryň özara tapawutlylygyny görkezipdir. Türkmenistanda bellenilýän döwlet baýramçylyklarynyň bezegi bolan şäherimiziň we welaýatlarymyzyň halk döredijilik toparlarynyň geýýän milli bezegli egin-eşiklerini: donlaryny, kürtekçelerini, çäk we ezýaka köýneklerini, tahýadyr, silkme telpeklerini göreniňde häzirki döwürde milli egin-eşiklerine  uly sarpa goýulýandygy buýsandyrýar.

Ýaş nesliň şular ýaly ajaýyp senetlerini, ukyplaryny açyp görkezmekleri üçin hünär bäsleşikleri yzygiderli gurnalyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Şular ýaly uly mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

Bahar MAGTYMOWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň mugallymy.

Meňzeş habarlar