MAGTYMGULYŇ DÖREDIJILIGI NESILLERE GÖRELDE

Köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan geçmişimize nazar aýlanymyzda rysgal-bereketli, keremli türkmen topragy dünýä ylmyna, medeniýetine-sungatyna saldamly goşant goşan ençeme alymlaryň, ýazyjy-şahyrlaryň dünýä inip, ýaşap geçen keramatly mekany hasaplanýar. Öz ýaşan döwründe il-halkynyň ýürek sesini diňläp, olaryň ruhy goldawçysy bolan, manysy dür-göwherden gymmatly ajaýyp goşgulary döredip, gymmatly miras galdyryp giden beýik şahsyýetlerimiziň biri hem beýik akyldar, şahyrymyz Magtymguly-Pyragydyr. Öz ýaşan döwrüniň sowatly, bilimli adamsy bolan, şol döwrüň meşhur bilim ojaklaryndan okap dini we dünýewi ylymdan mazaly ýüküni tutan beýik akyldar şahyryň döredijiliginde watançylyk-gahrymançylyk, öwüt-nesihat, arassa ahlaklylyk, yşky-liriki, dini pelsepeleri ýaly temalary giň beýanyny tapýar. Şeýle ussatlyk bilen ýazylyp halka ýetirilen, häzirki günlerimiz-de hem halk arasynda giňden ýaýrap, saza goşulyp aýdym görnüşinde belentden ýaňlanýan şygyrlaryň ählisi hem milli ruhda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk hasaplanýar.

Biz- ýagny Türkmenistanyň  Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işgärleri dürli ugurlarda okaýan we zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirenimizde esasy ýörelgämiz- şygarymyz Magtymguly-Pyragynyň hemde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň her bir paýhasly öwüt-nesihatlary esasynda alyp barýarys. Ilki bilen öz düzüminde iň köp agzany jemleýän ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramasynyň adynyň hem Magtymguly atamyzyň adyny götermegi bizi-ähli türkmen ýaşlaryny guwandyrýar, buýsandyrýar. Çünki bu jemgyýetçilik guramasynyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň atlandyrylyşynda hem türkmen ýaşlaryna ata-babalarymyzyň mukaddes ýol-ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmekde açyk-aýdyň nusga ýerleşdirilen. Biz hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi geňeşiniň, welaýat, şäher, etrap geňeşleriniň agzybir işgärleri öz işimizde we beýleki jemgyýetçilik guramalar bilen bilelikde iş alyp baranymyzda, esasan hem ýaş maşgalalara maşgala mukaddesligi, maşgalada zenan maşgalanyň orny, halkymyza mahsus gylyk häsiýetleri wagyz etmekde Magtymguly atamyzyň setirlerine ýüzlenýäris. Mysal höküminde

Gözel bardyr, gözellerden zyýada,

Onuň hyzmatynda durasyň geler.

Edepli, ekramly mylaýym zada,

Tä ölinçäň bile ýöresiň geler.

 

Gözel bardyr, günde-günde görmeli,

Şol gözeliň syýa zülpün örmeli,

Döküp, hazynanyň zerin bermeli,

Onuň söwdasynda bolasyň geler.

Beýik akyldaryň bu şygyrynyň üsti bilen  diňe belli bir zenana ýa-da belli bir obadaky zenanlara ýüzlenilmän, tutyş türkmen  halkynyň zenan maşgalalarynyň görelde  alynýan nusgalyk we ýazgarylýan gylyk-häsiýetleri suratlandyrylýar.

Şonuň ýaly-da şahyryň:

Türkmenler baglasa bir ýere bili,

Gurudar Gulzumy, derýaýy-Nili,

Teke, gökleň, ýomut, ýazyr alili,

Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz

- diýen bendi türkmen halkynyň bir başa jem bolup agzybirlikde, jebislikde bir döwlete gulluk edilende diňe üstünlikleriň, ýeňişleriň ýar boljakdygy, asudalygyň hem-de parahatçylygyň höküm sürjekdigi barada aýdylýar. Şygryň diňe bir şu bendiniň özi hem ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde örän möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Biz hem ösüp gelýän ýaş nesillerimize Magtymguly-Pyragynyň şygyrlaryny öwretmek, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, olarda, halkymyzyň milli ýörelgelerine kybap gelýän gylyk-häsiýetleri kemala getirtmekde, täze ýaş zehinleri ýüze çykarmakda, döredijilik bäsleşikleri, Magtymguly atamyzyň şygryýet agşamlaryny, çeper okaýyşlary yzygiderli geçirýäris.

Magtymguly Pyraga döredijiligine belent sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary netijesinde Magtymguly atamyzyň döredijiligi häzirki döwrümizde-Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tutuş dünýä ýüzünde okalýar, öwrenilýär, belent gadyr-gymmat goýulýar.

Türkmen medeniýetiniň hem-de sungatynyň hak howandary,  halkymyzyň milli ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmekde, beýik şahsyýetlerimizi çuňňur öwrenmekde, geljekgi nesillere ýetirmekde taýsyz-tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Mahym SELIMOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar