Türkmen tugy her bir türkmen raýatynyň dyz çöküp öpüp alnyna degirýän mukaddesligidir. Her bir türkmen raýaty bu mukaddesligiň öňünde baş egýär. Türkmeniň ýaşyl tugy parahatçylygyň, erkinligiň, asudalygyň alamatydyr. Baýdak ýaşyl reňklidir. Gyzyl-gyrmyzy zolakda ýokardan aşak bäş sany esasy haly gölleri bolan ahalteke, ýomut, salyr, çowdur, ärsary gölleri ýerleşdirilen. Olar türkmen halkynyň dostlugynyň we jebisliginiň nyşanlarydyr. Olaryň her biriniň daşyna hem haly nagşy aýlanan, onuň daşky gyrasy zolagyň gyralary bilen utgaşdyrylan. Gyzyl gyrmyzy zolagyň aşaky böleginde başlanýan ýerinde bir-birini kesip geçýän we ýokaryk dürli taraplara gönükdirlen iki sany zeýtun pudagy şekillendirilendir.
Dünýäde iň beýikleriň biri bolan 133 metrlik baýdak sütüninde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy parlaýan paýtagtymyzyň günorta böleginde baýramçylyk görnüşinde bezelen meýdança dabaralaryň esasy geçýän ýeri boldy. Bu ýerde Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gül goýmak dabarasy bolýar. Dabara hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi we paýtagtymyzy etraplarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, hormatly ýaşulylar, ýaşlar, jemgyýetçilik guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzda işleýän daşary ýurtly işewürler hem-de köp sanyly aşgabatlylar gatnaşýarlar.
Dabaraly pursat gelip ýetýär. Ir ertir bilen Türkmenistanyň Döwlet senasynyň joşgunly owazynyň astynda milli Tugumyz belentde pasyrdap, dabara gatnaşyjylaryň ýüreklerine gülläp ösýän söýgüli Watanymyza bolan buýsanç duýgularyny paýlaýar. Türkmen Tugyny belentde parladýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik, ömri uzak bolsun. Goý hormatly Prezidentmiziň il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri rowaç bolsun.
Leýli ÇARYGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Babadaýhan etrap
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.