2023-nji ýylyň maý aýynyň 11-ne Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň bilelikde gurnamagynda “Falling walls Lab Türkmenistan 2023” ady bilen bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşige talyplar we ýaş hünärmenler özleriniň täze innowasion pikirleri bilen gatnaşdylar.
Falling Walls – ylym, işewürlik we jemgyýeti birleşdirýän global merkezdir. Bilelikde pikir we gözleg azatlygy, innowasiýa pikirleri halka elýeterli etmek üçin çykyş etdiler. Bäsleşige ýokary okuw mekdeplerinden jemi 12 sany talyplar we ýaş hünärmenler gatnaşdylar. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Binagärlik” kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby Merýem Durdymämmedowa hem çykyş edip, Hormat haty bilen sylaglandy.
Altynjemal REJEPNUROWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Amaly-haşam sungaty” kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby.