Güneş kimin mähri bilen dünýämize ýalkym saçýan eneler her bir ojagyň zynaty.Eşidenleri özüne maýyl edýän, asuda zamanamyzyň güwäsi bolup ýaňlanýan ene hüwdüsi maşgala döwletliligiň gözbaşy. Zenan hakynda gürrüň edenimizde ähli döwürde-de, dürli ýurtlarda-da olaryň aýratyn goldaw,hormat we alada bilen gurşalyp gelnendigine göz ýetirýäris. Munuň üçin häzirki döwürde dünýä ýurtlarynyň we milli tejribäniň mysalynda maşgalada eneligiň, şol sanda çagalygyň goragy we olara berilýän goldawlar barada seljermelere salgylansak, ýerlikli bolar. Bu deňeşdirmelere Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ösüş maksatlarynyň bäşinji maksady ýagny gender deňligini gazanmak babatdaky wezipeleri, görkezijileri çelgi bolup hyzmat edýär. Taryhyň ähli döwürlerinde edep-ekramy ýumşak häsiýetliligini, parasatlylygy bilen tapawutlanan ýurdumyzyň bagtyýar zenanlaryna aýratyn hormat goýulýar. Şu nukdaýnazardan hem döwletimizde aýallara hukuklaryň we azatlyklaryň uly toplumy kepillendirilýär. Şol hukuklaryň amala aşyrylmagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Halkara ýörelgeleriniň kadalaryndan ugur alnyp, “Türkmenistanda Gender deňligi boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasynda” degişli döwlet edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri bilen bir hatarda milli parlamentiň wezipeleri hem kesgitlenildi. Bu bolsa erkekler bilen bir hatarda,aýallaryň gender deňligi esasynda adam hukuklaryny we azatlyklaryny amala aşyrmak, olardan sagdyn nesilleriň, kämil şahslaryň kemala gelmeginde örän wajyp şertleriň biridir. Bu ösüşler türkmen jemgyýetinde her bir adamy döwletimiziň öňünde goýan belent maksatlaryna ýetmegi ugrunda öz başlangyçlary işjeň gatnaşmagyna döredijilikli zähmet çekmegine itergi berýär.Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda öňde goýulýan jogapkärli wezipeler ynsanperwer ölçeglere eýerip, halkara derejesinde-de uly goldaw tapýar.
Begli MÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Kaka etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüm müdiri.