“AMYDERÝA”

Amyderýa buzluklaryň we garyň eremeginde suwlanýar. Şoňa görä derýa ýylda iki gezek joşýar.Birinji joşgun ýazyna, ýagny daglardaky garlar ereýän we ýagyş köp ýagýan wagty bolýar.Ikinji suw joşguny bolsa tomusuna buzluklar we beýik dag depelerindäki ebedi garlar  erände bolýar. Köplenç joşgunlaryň ikisi-de utgaşýar. Şonda derýa 4-5 aý dolup akýar.Şol wagtlar derýa giň daşyp, onuň hanasynyň ini üç kilometrden gowraga ýetýär. Derýanyň umumy uzynlygy 2540 km bolup,onuň 1000 kilometri Türkmenistanyň çäginde akýar. Amyderýa öz gözbaşyny Owganystanyň çäklerinde okean derejesinden 4900 m belentlikde ýerleşýän Hindiguş daglarnyň demirgazyk eňňidindäki we Pamir daglaryndaky buzluklardan we müdümilik garlardan alýar. Derýanyň gözbaşyna Wahjir diýilýär. Soňra oňa Wahanderýa, ondan aşakda bolsa Penç diýilip at berilýär. Penjiň Wahş bilen birigýän ýerinden başlap, derýa Amyderýa ady bilen akýar. Halk hojalygynda gös-göni peýdalanylýan suwlara işjeň suw baýlyklary diýilýär.Muňa zeýkeş suwlary girmeýär. Ýurduň peýdalanylýan işjeň suw baýlyklarynyň ortaça göwrümi 33850 mln, metr kuba barabar bolup, şonuň 31.000 mln metr kuby ýa-da 91,5%-i Amyderýa degişlidir.

 

Şirinjemal AMANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Ak bugdaý etrap Geňeşiniň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Indiki makala

ENE DILIM-EZIZ DILIM

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 43 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 64 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 60 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA