Dil ynsanyň möhüm aragatnaşyk serişdesi hasap edilýär.Biz diliň kömegi arkaly birek-birek bilen alşyp bilýäris.Halkymyzyň döreden milli dili biziň mukaddesligimizdir.Enemize deňelýän sada düşnükli, baý dilimizde halkymyzyň milliligi jemlenýär. “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda hem ene dilimizi ylmy esasda çuňňur öwrenmäge, baýlaşdyrmaga uly mümkinçilikler döredilýär. Köp asyrlaryň dowamynda döredilen gymmatlygy ylmy esasda öwrenmek we ony okuwçylara, talyp ýaşlara öwretmek biz-mugallymlaryň esasy borjudyr. Ýaş nesillere öz ene dilimizi-eziz dilimizi öwredenimizde Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleri gymmatly gollanma bolup hyzmat edýär. Bu nusgalyk kitaplarda öz ene dilimiziň baýlygyna, şeýle-de gadymy sözlere gadymy sözlere köp duş gelmek bolýar.Bu bolsa şeýle sözleri ýaşlaryň hem öwrenmegine, akyl ýetirmegine, söz baýlyklarynyň artmagyna ýardam berýär. Dilimiziň söz baýlyklaryny öwrenmekde nakyllaryň, atalar sözüniň ähmiýetini aýratyn bellemek gerek. Gahryman Arkadagymyz ene dilimizi baýlaşdyrmagyň möhümdigini taryhy çykyşlarynda nygtaýar.Şonuň üçin hem ähli ugurlara degişli döredilýän gollanmalar, sözlükler biziň türkmen dilimizi ýaş nesillere öwretmekde uly kömek bolup durýar. Bilşimiz ýaly ene dilimize “Eziz zybanym” hem diýýäris. Ýaş nesillere ene dilimiziň taryhyny, könelişen we ulanyşdan galan gadymy sözleriň manysyny, täze sözleri, sözleýiş medeniýetini öwretmek maşgalada ata-enäniň, soňra-da terbiýeçileriň we mugallymlaryň mukaddes borjy bolup durýar. Häzirki wagtda muňa ýurdumyzda aýratyn uly üns berilýär.Adam üçin öz ene diliniň kadalaryny bilmegi, olary öwrenmegi zerurdyr.Ene diliňi kämil bilmek hünärmeniň kämilligini alamatlandyrýar. Ýaş nesilleriň döwrebap bilim-ylym almaklary üçin, şeýle-de öz ene dilimizi giňişleýin öwrenmekleri üçin ähli şertler döredilýär.Ata-enäniň çagasyna berýän terbiýesiniň yzyny terbiýeçiler, şeýle-de mugallymlar dowam etdirýär.Şonuň netijesinde-de ösüp gelýän ýaş nesillere ene dilimizi netijeli öwretmekde täze usullardan ýerlikli peýdalanylýar.
Begli MÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Kaka etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüm müdiri.