“ÝAŞLARYŇ ARASYNDA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY”

Türkmenistan diýarymyz ösüşiň ähli ugurlary boýunça uly üstünlikler gazanyp, belent sepgitlere ýetýär.Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady pudaklarynyň ähli ulgamlarynda zähmet gaýnap joşýar, şonuň bilen birlikde bagt hem gaýnap joşýar. Şol zähmet çekýän bagtyýar raýatlaryň aglaba böleginiň ýaşlar bolmagy biz ýaşlary diýseň buýsandyrýar.Hormatly Arkadagly Serdarmyzyň baştutanlygynda häzirki wagtda möhüm ähmiýetli syýasy wakalaryň, durmuş_ykdysady, medeni özgertmeleriň amala aşyrylýan, belent maksatlaryň durmuşa geçirilýän döwründe ýaşamak, halal zähmetiň bilen ýurdyň ösüşüne goşant goşmak bagtdyr.Çünki Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly Ýaşlar biziň bagtyýar gelejegimiz we ertirimizdir. Mekdep okuwçysynyň ylym_bilim, medeniýeti ösdürmek türkmeniň ganynda bar häsiýet. Has täze rowaç alan bu aýratynlygy biz şu wagtam öz durmuşumyzda görýäris. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar hakynda edýän aladasy  barmak büküp sanardan we has beýikdir. Bilimiňi kämilleşdirmek, toplan tejribäňi özleşdirmek we durmuşa ornaşdyrmak üçin ylym-bilim ojaklarynyň gapysynyň giňden açylmagy, ýaş nesliň sowatly, aň düşünjeli, giň dünýägaraýyşly bolmagy üçin zerur şertleriň döredilmegi nesil aladasynyň birje bölegi. Diňe şu zatlaryň göz aýlabam, nesillere bildirilýän ynamyň näderejede beýikdigine akyl ýetiräýmeli. Biz ýaşlar gelejekde öz gujur gaýratymyz bilen dünýä nusgalyk derejesine Ata Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe alyp gitmelidiris. Bizi Gahryman Arkadagymyz , Arkadagly Serdarmyz uly ynam bildirýär.Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Ahal welaýatynyň, Ak bugdaý etrap Geňeşiniň guramagynda, Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän 35-nji orta mekdebinde Ýaşlaryň arasynda, ahlak arassalygy,watan söýüjiligi, barada köpçülik ýerlerinde tertip-düzgüni berjaý etmek hem-de Sagdyn durmuş ýörelgeleri barada wagyz-nesihat geçirildi.

 

Şirinjemal AMANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Ak bugdaý etrap Geňeşiniň Sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 43 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 64 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 60 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA