Türkmenistan döwletimiziň diýseň baý topragy bar. Türkmen halky bu baýlykdan diýseň ýerlikli peýdalanýarlar. Ekin ekip, mal bakyp ýerden rysgal, bereket tapýarlar. Ýaňy ýakynda pagta ekilişi tamamlanyp, häzirki wagtda bolsa bugdaý, arpa oragyna gyzgalaňly taýýarlyk görülýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda oba hojalygynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagyny hil taýdan täze sepgitlere çykardy. Ýurdumyzda tarp ýerler özleşdirilýär, hasyllylygy ýokarlandyrmak we ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen zerur çäreler görülýär. Suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna, tohumçylygyň ösdürilmegine uly üns berilýär. Obasenagat toplumynyň düzümleriniň tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagyna we döwrebaplaşdyrylmagyna, hyzmat ediji pudaklaryň, şol sanda elewatorlaryň, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalaryň mineral dökünleri öndürýän zawodlaryň suw hojalyk desgalarynyň gurulmagyna düýpli maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Dünýäniň esasy öndürijileriniň häzirki zaman ýokary öndürjilikli tehnikalaryny yzygiderli satyn alynmagy ak bugdaýyň bereketli hasylyny ýygnamakda möhüm ähmiýete eý boldy.
Leýli ÇARYGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.