ÝAŞLARA ULY YNAM BILDIRÝÄRIS!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýurdumyzyň her bir güni uly ruhubelentlige toýdur baýramlara beslenip bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Indi däp bolşy ýaly Türkmen halkynyň her bir ýyly bir şygar bilen dabaralanýar. Bu ýylymyz hem “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly uly ösüşlere beslenip barýar. Arkadagly Serdarymyzyň ýurt baştutanlygyna agzybirlikde döredijilikli işläp döwrümizi döwletimizi hasda beýgeltmelidiris. Geljege ynam bilen garap öňe tarap buýsançly gadam urmalydyrys,diýen jümlelerinden ruhlanyp biz hem türkmen ýaşlary hem öz alyp barýan işlerimizi hasda kämilleşdirip ýaşlara bildirýän uly ynamdan peýdalanyp türkmen ýaşlarymyz watanymyzyň gülläp ösmegine öz mynasyp goşantlaryny goşup zähmet çekýärler . Ýaş nesilleriň ahlak taýdan arassa, ruhy taýdan päk tämiz, sagdyn pikirlenip bilýän aň-düşünjeli, bilimli-sowatly bolup ýetişmekleri ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär. Orta mekdeplerden başlap, ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan ýaşlaryň öz milli medeniýetimize, dilimize we edebiýatymyza taryhymyza, ata Watanymyza bolan söýgi ruhynda terbiýelemek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Biz hem jemgyýetçilik guramasynyň wekilleri bolup Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny goldap, ony halk köpçüligine giňden wagyz etmek işlerini yzygiderli geçirip, birnäçe işleri alyp barmak biziň mukaddes borjumyz bolup durýar. Biz ýaşlar üçin okamaga döretmäge, halal zähmet çekmäge döredip berýän mümkinçiliklerine sag bolsun aýdýarys!

 

Arzygül BAÝRAMOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar Guramasynyň Ahal welaýatynyň

Gökdepe etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 43 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 64 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 60 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA