«GYZ EDEBI – IL EDEBI» ATLY WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap geňeşi tarapyndan Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky 28-nji orta mekdebinde okuwçy gyzlaryň arasynda «Gyz edebi – il edebi» atly şygar astynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halky milli mirasa belent sarpa goýup, maşgala ojagyny mukaddes saýýandygyna eýerip, ýurdumyzda maşgala gymmatlyklary, maşgala agzybirligini berkitmek, jebisligini we maşgala medeniýetini ýokarlandyrmak şeýle hem çagalaryň doly maşgalada terbiýelenmeklerini üpjün etmek we ýaşlaryň (ýaş çatynjalaryň) arasynda nika bozulmalarynyň öňüni almak hem ýaş nesillerimizi sagdynlyk ruhunda terbiýelemek, ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny, bidüzgünçiliklere ýol bermelidäldigi barada giňişleýin gürrüň berdi. Hormatly Prezidentimiziň halkymyza döredip beren ähli mümkünçilikleri, täze maşgala gurjak ýaşlara berilýän ýardam-goldawlary şeýle-de maşgalanyň berkligi üçin edilýän aladalar ata-babalarymyzyň asyrlar boýy agzybirligi, halallygy, arassa ahlaklylygy, päkligi, ynsanperwerligi özlerine ýaran edinip, maşgala mukaddesligini saklap gelendikleri barada aýratyn nygtalyp geçildi.

  Ýurdumyzy bedew bady bilen röwşen geljege alyp barýan Arkadagly Serdarymyza, türkmen ýaşlaryna durmuşda ýol-ýörelge bolýan, parasatly  öwüt-nesihatlaryny berýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Seýdylla ÝAZMÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 43 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 64 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 60 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA