USSAT ŞAHYR MAGTYMGULY PYRAGY

Ynsan ýaşaýşy agzybirlikden, jebislikden we bitewilikden başlanýar. Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň hem edebi mirasy Watana, onuň keremli topragyna bolan beýik söýgä, belent duýga eýlenendir. Şahyryň döredijiliginde türkmen halkynyň ykbalyna  dahylly meseleler barada pikir ýöredilýär. Magtymguly Pyragynyň eserlerini okanyňda, şahyryň türkmen halkynyň ykbaly baradaky alada bilen ýaşandygyna göz ýetirýärsiň.

Magtymguly Pyragy dünýä medeniýetine goşant goşan beýik şahyr we akyldardyr. Beýik akyldar çylşyrymly döwürde ýaşap, türkmen nusgawy edebiýatynyň däplerine eýerip, milli şygryýeti belende göterdi. Onuň ynsanperwerlige ýugrulan şygryýeti ençeme asyrlap watandaşlaryny ruhy tarapdan kämilleşdirip gelipdir. Berkarar döwleti arzuw eden, agzybirligi wagyz eden Magtymguly Pyragy agzybirligiň bar ýerinde döwletliligiň, abadançylygyň bolýandygyny öz şygyrlary arkaly beýan edipdir.

Magtymguly Pyragy sözüň doly manysynda milli şahyrdyr. Türkmen edebiýatyny Magtymguly Pyragysyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Söz äleminiň zergäri Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy, ýiti pähim-paýhasy, dil baýlygy, pikir ummanlygy çäksizdir.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde akyldar şahyrymyzyň adyny ebedileşdirmäge, döredijiligini wagyz etmäge döwlet derejesinde uly üns gönükdirilýär. Şahyryň hormatyna bagyşlanyp, her ýyl Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni baýramçylyk hökmünde giňden bellenilýär.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de “Nesil” gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde gurnamagynda Balkan welaýatynda ýurdumyzda döredijilik bilen meşgullanýan ýaş nesillerimiziň gatnaşmaklarynda “Berkarar döwletiň ylham joşguny” atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Ir säher bilen Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň muzeýinde Magtymguly Pyragynyň heýkeline gül-desselerini goýmak dabarasy geçirildi. Magtymguly Pyragynyň muzeýinde bäsleşikde öňe saýlanan hem-de ýeňiji bolan ýaş nesillerimize sowgatlaryň, höweslendiriji sowgatlarynyň hem çärä gatnaşan nesillerimize gowşurylmagy ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösen bolup ýetişmeklerini gazanmakda ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändigini subut etýär. Çäräniň dowamynda Balkan welaýatynyň Gerkez etrabynda medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmaklarynda çärä gatnaşan we ýeňiji bolan ýaşlaryň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işgärleriniň, işjeň agzalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi. Çärede aýdym-sazlar, tans hem-de Küştdepdi tansynyň bilelikde şowhunly ýerine ýetirilmegi çäräniň şowhunyny artdyrdy.

Taryh üçin gysga döwrüň içinde türkmen halkynyň Garaşsyzlyk, agzybirligi, abadançylygy pugtalandyrmaga, milli kanunçylygymyzyň hukuk binýadyny kämilleşdirmäge uly ähmiýet berilýär.

Şahyryň-Bir suprada taýýar kylynsa aşlar

Göteriler ol ykbaly türkmeniň

Diýen setirleri türkmen halkynyň durmuşyna mahsus. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen edebi mirasymyzy öwrenmäge we dünýä halklarynyň arasynda ýaýbaňlandyrmaga örän uly üns berilýär. Halkara ylmy jemgyýetçiligi bilen bilelikde dünýäniň medeni ösüşine uly goşant goşan türkmen alymlarynyň, şahyrlarynyň döredijilik mirasy çuňňur öwrenilýär. Şolaryň hatarynda şahyrymyz Magtymguly Pyragy ajaýyp şygyrlary bilen türkmen we dünýä edebiýatyna uly goşant goşan beýik akyldar hökmünde tanalýar.

 

Baýramgül BAÝRAMDURDYÝEWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

28 Iýun 2025 | 0 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

27 Iýun 2025 | 899 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

25 Iýun 2025 | 502 okalan

PARAHATÇYLYK: ÝAŞLARYŇ SESI