USSAT ŞAHYR MAGTYMGULY PYRAGY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen edebi mirasymyzy öwrenmäge we dünýä halklarynyň arasynda ýaýbaňlandyrmaga örän uly üns berilýär. Halkara ylmy jemgyýetçiligi bilen bilelikde dünýäniň medeni ösüşine uly goşant goşan türkmen alymlarynyň, şahyrlarynyň döredijilik mirasy çuňňur öwrenilýär. Şolaryň hatarynda şahyrymyz Magtymguly Pyragy ajaýyp şygyrlary bilen türkmen we dünýä edebiýatyna uly goşant goşan beýik akyldar hökmünde tanalýar. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ÝUNESKO-nyň derejesinde bellenilýän şanly seneleriň sanawyna goşmagy öňde durýan möhüm wezipeleriň hatarynda görkezdi. Nesip bolsa, 2024-nji ýylda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy halkara derejede belleniler. Gahryman Arkadagymyz «Magtymguly Pyragy we türkmen halkynyň Garaşsyz döwletlilik taglymaty» atly halkara maslahata gatnaşyjylara Ýüzlenmesinde «Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň nusgawy edebiýatynyň — milli şygryýetiň altyn eýýamynyň parlak ýyldyzydyr» diýip belledi.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde akyldar şahyrymyzyň adyny ebedileşdirmäge, döredijiligini wagyz etmäge döwlet derejesinde uly üns gönükdirilýär. Şahyryň hormatyna bagyşlanyp, her ýyl Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni baýramçylyk hökmünde giňden bellenilýär. Türkmen şahyrynyň ady ebedileşdirip, ýurdumyzyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, ýurdumyzyň baýry bilim ojagy bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, paýtagtymyzyň esasy şaýollarynyň biri şahyryň adyny göterýär. Uly hormata eýe bolan beýik türkmen şahyry we filosofy Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň ähmiýetini ýokarlandyrmak maksady bilen, 1992-nji ýylda Magtymguly adyndaky Halkara baýragy baradaky komitet döredilýär. Bu abraýly baýragyň ähmiýetini mundan beýläk hem artdyrmak maksady bilen, 2013-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Magtymguly adyndaky Halkara baýragy hakyndaky Düzgünnamany, şeýle hem bu baýraklar boýunça Topar we onuň düzümi hakyndaky Düzgünnamany tassyklady. Bu baýraga Türkmenistanyň raýatlary bilen birlikde, Türkmenistanyň taryhyny öwrenmäge, milli medeniýetimizi ösdürmäge, Magtymguly Pyragynyň we beýleki türkmen şahyrlarynyň hem-de akyldarlarynyň döredijilik mirasyny öwrenmäge we wagyz etmäge uly goşant goşan daşary ýurtlaryň wekilleri-de mynasyp bolýarlar.

2014-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllyk ýubileýi halkara derejesinde bellenildi. Bu dabara türkmeniň akyldar şahyrynyň döredijiligi bilen dünýä halklaryny tanyşdyrmakda uly ähmiýete eýe boldy, Magtymguly Pyragynyň eserleri daşary ýurt dillerine terjime edildi, ençeme ýurtlarda şol kitaplaryň tanyşdyrylyş dabarasy we şahyra bagyşlanan döredijilik esbaplarynyň sergileri geçirildi. Şahyra bagyşlanan dabaralar bütin dünýäde onuň döredijiligine bolan gyzyklanmany artdyrdy. Bu gyzyklanma diňe bir şahyryň eserleri bilen tanyşmakda çäklenmeýär, ol türkmen halkynyň medeniýeti, edep-terbiýe mekdebi, ruhy dünýäsi bilen hem tanyşlygy öz içine alýar.

Häzirki döwürde akyldar şahyrymyzyň ölmez-ýitmez eserleri dünýä dillerine terjime edilip, alymlar tarapyndan giňden öwrenilýär. Dürli milletleriň wekilleri, dünýä belli ýazyjylardyr döredijilik işgärleri türkmeniň beýik akyldar şahyry hakynda hormat bilen ýatlaýarlar. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň beýleki halklaryň arasynda uly hormata mynasypdygyna şol ýazgylaryň diňe käbirine ser salanyňda-da göz ýetirmek bolýar. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen «Magtymguly — ylham çeşmesi» atly kitapda şahyryň Türkmenistandaky we daşary ýurtlardaky neşirleri hakynda maglumatlar, dürli milletden, dürli ýurtlardan bolan edebiýatçylaryň beýik akyldar barada aýdan pikirleri, oňa bagyşlap döreden goşgulary öz beýanyny tapýar. Bu kitapda meşhur gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatow türkmen edebiýatynyň akyldarynyň öňünde baş egip, Gündogar halklarynyň medeniýetleriniň özara arabaglanyşygy we olaryň birek-biregine täsirleri barada öz pikirini beýan etmek bilen, munda XVIII asyryň şahyry Magtymguly Pyragynyň ornunyň wajypdygyny belläp geçýär. Akyldar şahyryň beýleki halklaryň medeniýetine, söz sungatyna ýetiren täsirini açyp görkezýän «Magtymgulynyň ady bilen täzeden döreýiş Gündogaryň goňşy halklarynyň medeniýetleriniň ösüşine bahasyna ýetip bolmajak derejede täsir etdi. Munuň özi öz odunyň bir bölejigini beýleki halka bagyş edýän halkyň özüni has-da baýlaşýandygynyň aýdyň mysalydyr» diýen jümleleri Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä edebiýatynda mynasyp orun tapýandygyna şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ÝUNESKO-nyň derejesinde bellenýän şanly seneleriň sanawyna goşmak baradaky tagallalary ulus-ilimizi guwandyrýar. Türkmen edebiýatynyň solmaz çyragy bolan Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmäge giň mümkinçilikler döreden hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

 

Meýlis DURDYÝEW,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Umumy bölüminiň esasy hünärmeni.

Öňki makala

AŞGABAT

Meňzeş habarlar

28 Iýun 2025 | 0 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

27 Iýun 2025 | 899 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

25 Iýun 2025 | 502 okalan

PARAHATÇYLYK: ÝAŞLARYŇ SESI