Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen barha görkana keşbe eýe bolýan Aşgabat bu günki gün dünýä derejesinde ösen şäherleriň hataryna üstünlikli goşulyşýar. Milli Lidermiziň parasatly başlangyçlary bilen, Arkadagly Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirmeginde halkara abraýy gün-günden arşa galýan eziz Diýarymyzyň paýtagty häzirki wagtda halkara derejesindäki iri syýasy, ykdysady we medeni merkeze öwrüldi. Paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde netijeli işler yzygiderli amala aşyrylýar. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ýaşamak üçin ähli amatlyklary bolan kaşaň ymaratlar, halkymyzyň rahat dynç almagy üçin döredilen medeni-durmuş maksatly desgalardyr seýilgähler milli özboluşlylygy, döwrebap röwüşde şöhlelendirýän keşbi bilen tapawutlanýar. Täze gurlan, ähli döwrebap şertleri özünde jemleýän ylym-bilim ojaklary, stadionlar, medeni we söwda merkezleri, täsin myhmanhanalar Aşgabadyň nurana görküni has-da artdyrýar. Merdana milletimiziň ruhy we medeni mertebesi hem-de gözelligiň özboluşly nusgasy hökmünde «Garaşsyzlyk», Arkadag, «Ylham» seýilgähleri, «Zemin», «Jebislik», «Ösüş», «Erkanalyk», «Alaw», «Çemen», «Ebedilik», «Dowamat», «Şahyr» ýaly monumental ýadygärliklerimiziň atlandyrylyşy, binagärlik özboluşlylygy, halkymyzyň geçmişine hormatyndan, şu gününe egsilmez söýgüsinden aýdyň nyşandyr. Munuň özi, baş şäherimiziň ajaýyp ýollaryny, tutuş durkuny bezäp, nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemäge mynasyp täsirini ýetirýär. Aşgabatda gurlup ulanylmaga berilýän toplumlaýyn binalar çuň mazmuna eýe bolup, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, şu günki belent ösüşlerini aýdyň şöhlelendirýär. Berkarar Watanymyzyň paýtagty ähli babatda nusgalykdyr. Birnäçe täsin desgalarymyzyň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda orun alandygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Aşgabat şäheri özüniň binagärlik sungatynyň aýratynlyklary bilen halkara derejeli güwänamalaryň hem birnäçesine mynasyp boldy. Goý, gözel Diýarymyzy, ak şäherimiz Aşgabady beýik ösüşlere besleýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Altyn DURDYÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.