“ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR”

Ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketine işjeň gatnaşmaklaryny, ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak babatda amala aşyrylýan işler barha giň gerime eýe bolýar. Ýaşlaryň bilimli, hünärli, beden hem ruhy taýdan sagdyn ynsanlar bolup ýetişmegi hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan çuňňur oýlanyşykly döwlet syýasatynda möhüm ugurlaryň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ýaş nesliň bedenterbiýe hem-de sport bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Biz halkymyzyň bagtyýarlygy, Watanymyzyň abadançylygy ugrunda durmuşa geçirýän beýik işleri üçin Arkadagly Serdarymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine çyn ýürekden çykýan alkyş-hoşallyklarymyzy beýan edýäris. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi, “Türkmenistan” ÝaBSG-nyň Balkan welaýat bölümi bilen bilelikde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Balkan welaýatynyň orta mekdep okuwçy gyzlarynyň arasynda sportuň “Şaşka” görnüşi boýunça bäsleşik geçirdi. Çekeleşikli geçen ýaryşda 1-nji orun Balkanabat şäheriniň 1-nji orta mekdebi, 2-nji orun Balkanabat şäheriniň 3-nji orta mekdebi, 3-nji oruna bolsa Gumdag şäherçesiniň 32-nji orta mekdebi mynasyp boldular. Baýrakly orunlary eýelän toparlara Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Hormat hatlary we TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

E.ANNAGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Öňki makala

IKI KÜREK

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR