Gaýykçy syýahatçyny başga bir kenara alyp barýar. Ýolagçynyň gözi gaýykçynyň kürekleriniň birindäki “Oýlan” we ikinjisindäki “Ýerine ýetir” diýen ýazga düşýär.
- Seniň kürekleriň üýtgeşik –diýip syýahatçy aýtýar. – Bu ýazgylar nämä gerek?
- Seret, - diýip gaýykçy ýylgyrýar we diňe bir “Oýlan” diýen ýazgyly küregi bilen gaýygyny küreklemäge durýar.
Gaýyk şol bir duran ýerinde aýlanýar. Gaýykçy:
- Meniň bir zatlar hakynda oýlanýan, pikirlenýän, meýilnamalary düzýän wagtlam bolardy. Ýöne bu hiç hili peýda getirmedi. Men edil şu gaýyk ýaly, ýöne bir duran ýerimde aýlandym durdym, - diýdi.
Soňra bolsa gaýykçy şol bir küreginde gaýygyny küreklemegini bes etdi we “Ýerine ýetir” ýazgyly beýleki küregi bilen gaýygyny küreklemäge durdy. Gaýyk ýene-de aýlanmaga durdy, ýöne bu gezek başga bir tarapa. Gaýykçy:
- Kämahallar bolsa men başga bir başga bir işler bilen meşgullanardym. Hiç hili meýilnamasyz, çyzgysyz, oýlanmasyz işler ederdim. Köp güýjümi we wagtymy harçlardym. Ýöne ahyrynda barybir şol bir duran ýerimde aýlandym.
- Ynha şeýdip, küreklere çep küregi näçe kürekleseň, sag küregi hem şonça küreklemeli bolýanlygyny ýatda saklamak üçin ýazgy etdim. - diýip dowam etdi.
Soňra bolsa derýanyň kenaryna abanyp duran ajaýyp öýi görkezdide:
- Bu öýi men küreklere ýazgy edenimden soň gurdum- diýip jogap berdi.
Rus dilinden terjime eden Oguljahan ATAMYRADOWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.