1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň baýram edilmegi her bir türkmen raýaty üçin şatlykly wakadyr. Ikinji jahan urşunyň aldym-berdimli söweşlerinde beýleki milletler bilen bir hatarda, türkmen ýigitleri hem halkymyza mahsus bolan mertlik, gaýduwsyzlyk bilen söweşip, gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezdiler. Olaryň gahrymançylyklary ýurdumyza abraý, dereje, mertebe getiren mertliklerden nyşandyr. Hut şonuň üçin-de, bu uruşda görkezilen gahrymançylyk, edermenlik milletiň hakydasynda baky orun tutdy. Ýer ýüzüniň halklaryny “faşizm” atly mergiden goramak ugrundaky söweşlerde janyny gurban eden ýüzlerçe müň türkmenistanlynyň hormatyny belent tutmak, diri gezip ýören uruş weteranlaryny sarpalamak babatda biziň Hormatly Prezidentimiz tarapyndan taýsyz tagallalar edilýär. Munuň şeýledigine bolsa, ýurtda ýaýbaňlandyrylýan derejeli işleriň toplumy hem doly şaýatlyk edýär.
Şu gün ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli il sylagly ýaşulylar, kümüş saçly eneler, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, ýaşlar bilen bilelikde agyr synaglara mertlerçe döz gelen edermen ildeşlerimiz sarpalandy, XX asyryň ýowuz urşunyň frontlarynda söweşip, öz mukaddes borçlaryny berjaý edip, maşgala ojaklaryna dolanyp gelen weteranlary hem-de tylda zähmet çekenleri, uruşda wepat bolan esgerleriň yzynda galan ýanýoldaşlaryny hormatlamak dabaralary geçirildi.
Aýdym-sazly konsertde peşgeş berlen asuda durmuş üçin milli gahrymanlara hoşallyk sözleri ýaňlandy. Ýeňiş güni mynasybetli “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” guralan dabaralar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne ynamly gadam goýan parahatçylyk dörediji ýurdumyza — Garaşsyz, Bitarap Watanymyza bolan buýsanjy has-da artdyrdy.
Sähragül IŞANOWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň
umumy bölüminiň esasy hünärmeni.