Şu günler ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygyna bagyşlanan çäreler yzygiderli dowam edýär. Ýakynda TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşi, etrap häkimligi, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet - sungat işgärleri uruş weterany Orazguly Muhammedowyň döwletli ojagyna baryp, bu şanly sene mynasybetli mähirli gutladylar. Orazguly aga hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan pul sylaglary hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan baýramçylyk sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Baýramçylyk mynasybetli sungat işgärleriniň ýerine ýetiren aýdymlary, çalan sazlary Orazguly aganyň göwün guşuny ganatlandyryp, şatlygyny goşalandyrdy. Edermenligiň beýik nusgasyny görkezen, sylag-sarpanyň eýesi bolan Orazguly aga şu şatlykly pursatda şeýle mümkinçilikleri döredip bereni üçin Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdy.
Şöhrat MÄMMETHANOW,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň
Gyzylarbat etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.