Kitap bu hakyky hazynadyr we bilimiň açarydyr. Kitap bolmasa biziň taryhymyz hem bolmazdy. Kitap hemişede biziň halkymyzda mukaddeslik derejesinde görülýär. “Dünýädeatyň üstünden gowy tagt ýok, kitapdangowy dost ýok” diýen düşünjäni aňlarynaberçinlän ata babalarymyz äze dünýä inenbäbejigiň başujunda hem kitap goýýar. Kitap adama ruhy hörek eçilýär. Bu barada akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy: “Kitap okan gullar magnydan dokdur” diýip belleýär. Halkymyzda kitaba, söz sungatyna uly sarpa goýulýar, olaryň gadyry bilinýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen neşir edilip, okyjylara ýetirilen “Paýhas çeşmesi” atly ajaýyp kitapdaky: “Bilmeýän zadyňy kitapdan sora”, “Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer”, “Kitap okamaýan bir dili biler, kitap okaýan kän dili biler”, ýaly, ata-babalarymyzyň baý durmuş tejribesinden dörän parasatly sözler halkymyzyň kitaba goýýan hormatynyň örän uludygyny, aňyrdandygyny görkezýär. Türkmen halky hemişe-de kitaby mukaddeslik saýypdyr. Kitaby uly baýlyk bilip, ony edinmek üçin hiç zadyny gaýgyrmandyr. Maşgalasynyň eklenç çeşmesi bolan ýekeje guba düýesini hezreti Magtymgulynyň kitabyna çalşan parasatly türkmen ýaşulusynyň edebiýatdaky keşbi ýüreklerden baky orun alandyr. Şeýlede nusgalyk şahyrymyz Magtymguly pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Balkan welaýat kitaphanasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň bilelikde “Kitap-paýhas ummany” ady bilen orta mekdep okuwçy gyzlaryryň arasynda bäsleşik geçirildi. Bäsleşikde baş baýraga 12-nji orta mekdebi, 1-nji oruna 15-nji orta mekdebi, 2-nji oruna 5-nji mekdep, 3-nji orna 17-nji orta mekdebiniň okuwçy gyzlary mynasyp boldular. Baýrakly orunlary eýelän toparlara Balkan welaýat kitaphanasy Hormat hatlary we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.Ýaş nesilleri watansöýüji, arassa ahlakly, belent adamkärçilikli, ruhubelent, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli adamlar edip ýetişdirmekde olaryň kitaba söýgüsini, okamak höwesini artdyrmagyň örän uly ähmiýeti bar. Bu babatda bizde ähli mümkinçilikler, şertler döredilen. Ýaş nesliň bagtyýar durmuşy, röwşen geljegi barada taýsyz tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň, ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamynyň, kitaphana işiniň kämilleşdirilmegi babatda hem giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!
E.ANNAGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.