“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda Hormatly Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly serdarymyzyň öňe sürýän Sagdyn durmuş ýörelgelerini öňe sürüp, röwşen ertirimiz üçin ruhy hem beden taýdan sagdyn nesilleri ýetişdirmek babatynda irginsiz zähmet çekýän Hormatly prezidentimiziň çäksiz aladalary netijesinde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ähli ugurlar bilen bilelikde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge hemde zyýanly serişdeleri ulanmagyň öňüni almaga gönükdirlen toplumlaýyn çäreler yzygiderli alnyp barylýar.Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap Geňeşiniň, hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, guramagynda “Sagdyn jemgyýet-Berkarar döwlet” atly wagyz-nesihat duşuşygy Bereket şäheriniň tiki fabriginiň mejlisler zalynda geçirildi. Maslahatda birnäçe çykyşlar diňlenip, olarda sagdyn durmuşy wagyz etmek, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketini ösdürmek maksady bilen täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de ýurdumyzda il saglygyny ähli zatdan zyýada görüp, bu ugurda düýpli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza Arkadagly serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.
Döwrandurdy ORAZDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň
Bereket etrap Geňeşiniň başlygy.