ÝURDUŇ GOŞA GANATY

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilik syýasatyny, pederlerimizden miras galan däp-dessurlarymyzy we ahlak gymmatlyklarymyzy, ýurdumyzyň eýe bolan ösüşiniň belent sepgitlerini dünýä ýaýýan baýramdyr. Her ýyl agzybirlikde we ýokary ruhubelentlikde uly dabaralara beslenip bellenilýän şanly sene “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” has-da uly ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwlet jemgyýetçilik gurluşynyň köp asyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr. Esasy Kanunymyz ýokary hukukgüýjüne eýe bolmak bilen, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilişiniň, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüşiniň güwäsi hökmünde çykyş edýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagy bu gün her bir türkmenistanlynyň mukaddes saýýan gymmatlygyna öwrüldi. Ine, bu iki gymmatlyk häzirki zaman dünýäsinde döwleti döwlet höküminde öňe çykarýan esasy iki sütündir Konstitusiýamyzyň we Döwlet baýdagymyzyň gymmatyny has-da artdyrmak we dabaralandyrmak, ösüp gelýän ýaş nesilleri watançylyk hem-de belent ahlakly ruhda terbiýelemek maksady bilen ýurdumyzyň ähli welaýat merkezlerinde baş baýdak meýdançalary “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda belent sütünli Baýdak meýdançalary döredildi. Çünki mukaddes Tugumyz geçmişimiziň şanlydygynyň, Arkadagly Serdarymyzyň döwrümiziň şöhratlydygynyň, geljegimiziň nuranadygynyň kepili bolup, al asmanda parlaýar. Şeýle-de mukaddes türkmen topragynyň sergin şemalynda birenaýy pasyrdap, hoş owaz edýän Döwlet baýdagymyzy synlan islendik adam zähmetsöýer halkymyzyň minzemez agzybirligine, jebisligine watanperwerligine aýdyňlygy bilen göz ýetirip bolýar. Haçan-da bagtyýar raýatlaryň Balkanabat şäheriniň gözel künjegine bezeg berip oturan mukaddes baýdagymyza nazary düşende buýsançly duýgulary başdan geçirýändigine berk ynanýaryn Milli senenamamyzda mynasyp orun alan Türkmenistanyň Konsititusiýasynyň kabul edilmeginiň we Döwlet baýdagynyň güniniň göwin göterji baýramçylyk dabaralarynyň ýokary ruhybelentlige beslenýän pursatynda bu minzemez durmuş hakykatlary barada nygtamak aýratyn ýakymly. Türkmen halky tarapyndan agzybirlik bilen toýlanylýan bu gymmatlyklarymyz goşa baýramy ýaşlaryň çuňňur watansöýüjilikli duýgularyny çäksiz bellentliklere göterýär. Olary halkymyzyň abadan bagtyýar ýaşaýyş ugrundaky döredijilik zähmete mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar Ak ertire bolan synmaz ynamy öňküdende hem pugtalandyrýar

Bü gün Türkmenistan öz ygtyýarlygyny alamatlandyrýan nyşanymyzyň Konsititusiýasynyň Döwlet baýdagymyzy güni. Şeýle günde şöhratly halkymyzyň özbaşdak ösüş ýoluna bolan hukugunyň alamaty bolan goşa mukkaddesligimiziň baýramy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uludan toýlanýar. Bu goşa toý mynasybetli Diýarymyzda ýokary baýramçylyk ruhunda dabaralar geçirilip milli gymmatlyklarymyzyň we ýurdumyzyň bedew batly ösüşleriniň waspy ýetirilýär. Gahryman Arkadagymyzy Arkadagly Serdarymyzy külli türkmen halkymyzy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden mähirli gutaýan. Ata Watanymyz, mähriban halkymyz, nurana geljegimiz üçin dünýä nusgalyk taýsyz tagallalary edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

 

E.ANNAGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR