“DÜŞEME PALAWY”

Topragy mähriban enä deňelen eziz Watanymyzda halkymyzyň mukaddeslik derejesinde eý görýän eziz zatlary bolýar. Bulutlara boýdaş bolan daglaryň, owadan sähraly al-ýaşyl güller, gülälekdir jümjümelere beslenen tebigatymyzyň gözelligi adamlaryň ýüregine nagyş çekýär. Her bir adamyň ruhy dünýäsini dürli pikir ýöretmelere atarýan, joşgunly kalbyňy heýjana getirip, müň dürli kerem-keramatly gudraty bilen ynsan kalbyna ylham bolup dolýan gözel tebigatyň täsinliklerini gorap saklamak her birimiz üçin mukaddes borçdur.

Asyrlar boýy arzuwlap gelýan türkmen halky, bu gün halky üçin arman ýadaman zähmet çekýän Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe asuda ýurtda öz arzuwlaryny amal edip, ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň däp-dessurlaryny dikeltmekde öňe itergi berýän Hormatly Prezidentimize alkyşlar aýdyp ýaşaýarlar. Şol däp-dessurlarymyzyň biride kenarýaka türkmenleriniň balykçylyk bilen meşgullanmaklary we balykdan dürli tagamlary taýýarlamak häzirki döwürde dowam edip gelýär. Balykdan ýahana, gowurdak we düşeme palawlaryny, gaplama ýaly tagamlary mysal getirip hem bolýar. Ene-mamalarymyz muňa mysal getirip  gazallaryň üsti bilen beýan edipdirler.

 

Balykdan aş bişirdik,

Düşeme hem ýahana,

Rowaçlygyň ýalkymy

Düşýär älem jahana

 

Balyklar düzüm-düzüm,

Ýola garap dur gözüm,

Watanymyň şöhraty,

Dünýä ýaň salýar bu gün

 

Hazarymyň balygy

Tagamlydyr süýjüdir,

Bizi bagta ýetiren

Prezidentimiziň güýjidir.

 

Düşeme palawy (10 adamlyk)

  1. Bekre balygy – 3 kg
  2. Tüwi – 3 kg
  3. Käşir – 3 sany
  4. Kartoşka – 3 sany
  5. Sogan – 3 sany
  6. Kakadylan erik we üzüm – 200 gr

Ilki bilen gazanymyza suw guýup suwymyzy gaýnatýarys gaýnan suwa duz atyp ýuwulan tüwini 15 minut gaýnadyp süzgüç bilen süzüp alýas. Ondan soň gazanymyzy arassalap ýag guýýas ýagymyz ýanansoň ýaňky süzen tüwimizden bir kepkir alyp gazanyň düýbine guýýas, soň öňünden duzlap goýan balygymyzy düzýäs, düzülen balygyň üstüne kartoşkany, käşiri halka görnüşinde kesip erik we üzümi üstüne goýmaly.  Taýyn  hurşy üstüni daş tabak bilen örtüp onuň üstüne galan tüwini goýup ýarym sagat demine bişirmeli.

 

Baýramgül SAFAROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň

baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR