“BÜTIN DURKY BILEN WATAN MUKADDESLIGINE UÝÝAN, ŞÖHRATLY GEÇMIŞIMIZE, HÄZIRKI GÜNÜMIZE HEM-DE NURANA ERTIRIMIZE BUÝSANÝAN ÝAŞLAR BIZIŇ GELJEGIMIZDIR”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň barha gülläp ösmeginde, Watanymyzyň şan-şöhratyna, at-abraýynyň has-da belent derejelere göterilmeginde bagtyýar ýaşlaryň mynasyp paýy bar.

Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi röwşen geljegiň eýeleri bolan ýaşlaryň döredijilikli zähmet çekmegine, ata Watanymyza ak ýürekden gulluk etmegine uly mümkinçilikleri döredýär. “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, onuň binýadynda tassykanylan “Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” şeýle hem ol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetilmeli çäreleriň meýilnamasy esasynda umumy bilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda wagyz nesihat duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. Şular ýaly wagyz nesihatlaryň biri hem Türkmenbaşy şäheriniň 11-6-9-njy orta mekdeplerinde uçurumlarynyň arasynda giňden bellenilýän soňky jaň dabarasyny guramaçylykly geçirmek, jemgyýetçilik ýerlerinde tertip-düzgün kadalaryny doly we dogry berjaý etmek maksady bilen wagyz nesihat duşuşygy geçirildi. Wagyz-nesihat duşuşygynda  Türkmenbaşy şäher Polisiýa bölüminiň kämillik ýaşyna ýetmedikler boýunça bölümçesiniň gözegçisi, Türkmenbaşy şäher bilim bölüminiň, TMÝG-nyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda soňky jaň dabarasyny guramaçylykly geçirmek, jemgyýetçilik ýerlerinde tertip düzgünlerini doly we dogry berjaý etmek şeýle-de zyýanly endiklerden daşda durmak boýunça giňişleýin çykyş etdiler.  Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda  türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň  janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, halkymyzyň bagtyýarlygyna gönükdirilen beýik tutumlarynyň  hemişe üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

M. GARAJAÝEWA,

TMÝG-niň Türkmenbaşy şäher  Geňeşiniň

Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR