“BILIM BILEN HIKMET-ALTYNDAN GYMMAT”

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ylmy, bilimi ösdürmek baradaky alyp barýan syýasatyny durmuşa ornaşdyrmak, ýaşlarymyzy watansöýüji edip terbiýelemek, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýaşlarynyň halkara olimpiýadalarda baýrakly orunlara mynasyp bolmaklaryny gazanmak, amala aşyrylýan her bir tutumly başlangyçlarda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän halkymyzyň, aýratyn-da ýaş nesillerimiziň asuda, abadan parahat durmuşda ýaşamagy baradaky belent maksatlary durýar. Hormatly Prezidentimiziň “Men ýurdumyzyň ýaşlarynyň ene-ata we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn” diýen ajaýyp sözlerini belent wezipe edinip, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň, Dana bilim merkeziniň Türkmenbaşy şahamçasynyň bilelikde gurnamagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň mekdep okuwçylaryna ruhubelentligi, buýsançlylygy, sagdyn durmuşy wagyz etmek maksady bilen, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň “Beýik Ýüpek ýoly” myhmanhanasynda “Bilim bilen hikmet-altyndan gymmat” atly şygar bilen Iňlis dilinden bäsleşik geçirildi. Bäsleşige gatnaşyjylar Türkmenbaşy şäheriniň orta mekdepleriniň 8-9-njy synp okuwçylaryndan ybarat bolup, her synpdan 3 sany okuwçy gatnaşdy. Bäsleşikde Dana bilim merkeziniň mugallymlary eminlik edip, netijeleri boýunça aýratyn tapawutlanan, ýeňiji bolan okuwçylara I-II-III orunlar berildi. Olardan I orna Türkmenbaşy şäheriniň 10-njy orta mekdebinden, II orna 5-nji orta mekdebinden, III orna 2-nji orta mekdebinden we höweslendiriji ýere bolsa 13-nji orta mekdebinden öňe saýlanan okuwçylar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary, Dana bilim merkeziniň Türkmenbaşy şahamçasy tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy. Mundan başgada Türkmenbaşy şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, muzeý gymmatlygyndan sergi serilip, olaryň içinde gadymdan gelýän gyz-gelinlerimiziň ulanýan şaý-sepleri, ene-mamalarymyzyň dokan halylary, ata-babalarymyzyň gadym döwürde ýasan küýzeleri şeýle hem birnäçe muzeý gymmatlyklary sergide ýerleşdirilip, onuň ýanynda Türkmenbaşydaky deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň taslama işleri görkezildi. Bäsleşigiň ahyrynda bäsleşige gatnaşyjylar we jogapkärler Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarmyzyň janlarynyň sag ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň mundan beýläk hem rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Maýagül GARAJAÝEWA,

TMÝG-niň Türkmenbaşy şäher

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň

Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR