Maý – baýramlara baý aý. Ylaýta-da, maý aýynyň 25-i – hemmelere şatlyk paýlaýan ajaýyp gün. Ýurdumyzyň ähli orta mekdeplerinde geçirilýän “Soňky jaň” dabarasy Aşgabat şäheriniň gününiň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrýar. Munuň özi paýtagtymyzyň bilimleriň, hemişelik ýaşlygyň şäheridigini hem alamatlandyrýar. Ösüp gelýän ýaş nesil döwletimiziň ählitaraplaýyn aladasy bilen gurşalandyr, olar üçin ýurdumyzda sazlaşykly ösmäge ýardam berýän ähli şertler döredilýär. Okuw terbiýeçilik merkezleri okatmagyň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen hem-de ýaşlaryň köptaraplaýyn döredijilik zehinleriniň we başarnyklarynyň, sporta bolan ukyplarynyň, hünär başarnygynyň kemala gelmegi üçin zerur serişdeler üpjün edilendir. Üstünlikli jemlenen okuw ýyly bilim ulgamynda ýadawsyz işleriň alnyp barlan ýyly boldy. Mekdep okuwçylary bilimleriň täze belentliklerini özleşdirdiler. Olar dürli derejedäki ders bäsleşikleridir sport ýaryşlaryna gatnaşyp, özleriniň ukyp-başarnyklary bilen ýokary derejeli diplomlara, Hormat hatlaryna we gymmat bahaly sowgatlara mynasyp boldular. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapynda bolsa dürli bäsleşikler geçirilip şol bäsleşiklerde “Iň eýjejik gyzjagaz 2023”, «Merdana nesil», «El hünäri il gezer» ýaly bäsleşiklerde, oýlap tapyjylaryň sergisinde öz zehin-başarnygy, dilewarlygy, ussatlygy, çeperligi bilen has tapawutlanan okuwçylaryň döredijilikli işlerine ýokary baha berlip, diplomlar we Hormat hatlary gowşuryldy. Ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde okuw möhletleriniň dünýä derejesine kybap getirilmegi ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almagyna giň ýol açdy. On iki ýyllyk umumy orta bilime geçilmeginiň, okatmagyň interaktiw usulyndan peýdalanylmagynyň ýaş nesle berilýän bilimiň hiline diýseň oňaýly täsir edendigini türkmenistanly ýaşlaryň ýurdumyzda hem daşary ýurtlarda geçirilýän bäsleşiklerde gazanýan netijeleri hem görkezýär. Ýurdumyzyň geljegi ýaşlara bagly. Muňa oňat düşünýän ýaşlarymyz özleri üçin döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, okaýarlar, öwrenýärler, döredýärler. Bagtyýar hem ruhubelent ýaşlar özlerine bildirilýän ynama mynasyp iş bilen jogap bermek üçin täze tehnologiýalara, kompýuterlere ökdelik bilen erk edip, ylym-bilimiň ösüşine uly goşant goşmaga ymtylyp, dünýäniň genji-hazynasyna öwrülen taryhymyzy, edebi mirasymyzy öwrenip, ýurdumyzyň şan-şöhratyny, türkmen ylmyny dünýä ýaýmaga çalyşýarlar. Muny olaryň alyp barýan ylmy-döredijilik işlerinde gazanýan ýokary netijeleri-de görkezýär. Hawa, bu gün ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde 2022-2023-nji okuw ýylynyň tamamlanýandygyny buşlaýan “Soňky jaň” kakylýar. Ol Watanymyzyň döwrebap bilimli, ruhubelent ýaşlaryny durmuş ýoluna atarýan bagtyýarlyk owazy bolup ýaňlanar. Täze sepgitlere ýetmek üçin bolsa öňde synag döwri bar. Ine, sanlyja günlerden gutardyş synaglaryny üstünlikli tabşyran uçurymlar ak mekdebiň mugallymlaryndan ak pata alyp durmuşyň ak ýoluna gadam basarlar. Ýoluňyz ak bolsun mähriban uçurymlar!
E.Annageldiýewa,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.